GARYN SALMAZLYGYŇ DÜZGÜNLERINI BILÝÄRSIŇIZMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (17 Ses)

Pökgerip, tegelenip duran garyn diňe eýjejik körpejeleri we hamyla aýaly bezäp biler. Galan adamlary bedende peýda bolýan bu artykmaçlyk görksüz edýär.   Käbir adamlar köp iýýär, az hereket edýär, kemsiz bedenli bolmak üçin hiç bir güýç sarp etmeýär. Ynha-da, günlerde bir gün görkden gaçan sudury gözüne ilýär we uzak wagtyň dowamynda aladasy edilmedik syratyny, az möhletiň dowamynda tertibe salmaň ugryna çykýar. Şular ýaly ýagdaýda, gözel-görkana bolmagyň ugruna çykanlar, bu dünýäde az möhlediň içinde şeýle gudraty berjaý edip bolmajakdygyny berk ýadynda saklamagy zerurdyr. Hiç haçan – "Üç günüň içinde ýeňillik bilen garyn salmakdan halas ederis", – diýen mahabatlanmalara ynanmaň. Bu maglumat köplenç hakykat bolmagyň deregine, beden üçin örän zyýanly bolýar. Garyn salmaklyk bilen köne barlanan usullar bilen göreşip başlaň, ilkinji netijeleri gazananyňyzdan soň bolsa, bu ugurdaky göreşiňizi taşlamaň.

Garyn salmakdan halas bolmak üçin ilki bilen iýmiti kada salmakdan başlamaly.

Birinji gün.

Ilkinji gün diňe iýmitiň mukdaryny kemeltmeli we esasy suwuk nahara geçmeli. Peýdaly ertirlikden başlaň – ir-iýmişli ýa-da gyrgyçdan geçirilen alma goşulan ýarym suwuk süle şülesi. Günortanlyk naharda gök önümli işdäçar we çorba, agşam bolsa gök önümli we etli çalçorba iýmek maslahat berilýär.

Ikinji gün.

Goý, iýmit çäklendirilýän güni bolsun. Garyndan we çykyp duran gapdalýandan halas bolmak üçin, ýeňil, içiňi sürmäge ukyply önümleri ulanyp, berhiz günlerini geçirmegi maslahat berilýär.  Bu dürli  ter gök önümlerinden we gatykdan taýýarlanan pýureler bolup biler. Ertirlik naharynda gök önümli pýure, günortan gatykdan taýýarlanan  ir-iýmişli sowuk çorba, öýlänlik gatyk we ter ir-iýmiş, agşam nahara bolsa gatyk bilen garylan gök önümli işdäçar.

Üçünji gün.

Berhiziň üçinji güni hem goý, iýmitiň çäklendirilýän güni bolsun. Bu gün ter miweleriň we gök önümleriň şiresini ulanmak maslahat berilýär. Olar birinjiden içegäni arassalaýar, ikinjiden bolsa iýmit düzüminiň çäklidigine garamazdan, bedeni köp mukdarda witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrýar. Şeýle hem olar immuniteti berkidýär we bedeniň garramaklygy bilen göreşýän antioksidantlary toplamaga ýardam berýär. Taýýarlan şirä ýakymly tagam bermek üçin bal we şekeriň ýerini tutujy önüm goşsaň hem bolýar. Iýmiti çäklendirilýän günde ulanylan bir bulgur şire, bir paý naharyň ornuny tutmaga ukyplydyr. Sagdyn adam bir günde 5-6 paý iýmit kabul edýänligi üçin, 5-6 bulgur miwe şiresini içmek maslahat berilýär. Ýöne  bu berhizi dördünji güne geçirip, şol gün, birinji güniň berhizini gaýtalasaň hem zyýanly däldir.

Berhiziň galan günlerinde adaty pes kaloriýaly iýmiti ulanmak ýeterliklidir. Kabul edilýän iýmitde ýeňil içiňi sürüjilik ukyby bolan önümler   ulanmaly. Hökman iýmit düzüminde gatyk, alma, garaly ter we guradylan görnüşde, kiwi we başga önümler bolmaly.

Artykmaç ýagdan, sallanyp duran garyndan halas bolmak üçin, az kaloriýaly berhiz bilen birlikde, garyn myşsalaryny bekedýän fiziki maşklary we aerobiki maşklary ýerine ýetirmeli. Şeýle-de siz garyn derisiniň çeýeligini ýokarlandyrýan, şol töwerekden artykmaç suwuklygy aýyrmaga ýardam berýän we onuň göwrümini kiçeldýän  kontrast duşuny (sowuk suw bilen gyzgyn suwy gezekleşdirip) kabul etseňiz hem peýdaly bolar.

Garnyny çalt kiçeltmegi arzuw edýänler, ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda dolanma usulyny ulansalar hem zyýan bolmaz. Munuň üçin dürli serişdeleri ulansaň bolýar – tene çalynýan süýtjagaz, bal bilen garylan üwelen kofe, gök toýun we ş.m. Serişdeleriň haýsy hem bolsa birini garnyňa we biliňe çalyp, şol töweregi iýmit kleýonkasy bilen berk dolamaly, üstünden bolsa,  ýyly ýaglyk ýa-da şarf dolap, 40 minudyň dowamynda saklamaly. Dolagy göterip ýörkäňiz dürli gyzdyryjy hereket edip bilersiňiz: maşklar, tans, öýi tertibe salmak ýa-da ýorgana dolanyp ýatmak. Wagt geçenden soň, ýuwunmaly. Bu usuly 3-5 gün yzly-yzyna  ýerine ýetirip bilersiňiz, şondan soň hökman arasyna 5 gün salyp dynç almaly.

Umuman tenimizde peýda bolýan artykmaçlyk, bize artykmaç alada, artykmaç işdir. Şonuň üçin iýmite başlaňyzda, dynç alaňyzda öte geçmän, wagtynda çeninde saklanmagy özüňize endik ediniň!