ET, SEN NIRELERDE ÖNÜP-ÖSDÜŇ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (35 Ses)


Köpümize mälim bolşy ýaly, maly gysga wagtda ulaltmak we semretmek maksady bilen daşary ýurtlarda onuň iýmitine ösüş gormonlaryny we başga-da şonuň ýaly derman serişdelerini goşýarlar. Daşary ýurtlardan getirilen (importirlenen) etiň bahasynyň, elin, ýerli et bilen deňeşdirlende arzan bolýandygy hemmämize hem bellidir. Eýsem, daşary ýurtdan getirilen et adamyň saglygyna nähili howp salyp bilýär?

Daşary ýurtly etiň "alamatlary"

► Gormonal dermanlary bilen ösdürilen malyň etiniň reňki ýiti gyzyl bolýar.

► Ýerli etiň gaplanylşy bilen deňeşdirlende, daşynyň gaby gaty tämiz görnüşde bolýar.

► Weterinar gullugynyň güwä geçýän şahadatnamasy, delilnamasy bolmaýar. Siz etiň getirilen ýurduny we saglygyňyz uçin möhüm bolan başga-da maglumatlary anyklamak uçin bu delilnamalary satyjydan talap etmeli.

► Import edilen et daşyndan owadan görünýär, ýone bişirlende gury, tagamsyz bolýar.

► Bahasy gaty pes bolýar. Şu sebäpli, arada durup alyp satýan adamlar uçin şunuň ýaly söwdä bahbitli bolup durýar.

Antibiotikler

Ösen (we käbir ösüp barýan) ýurtlaryň fermalarynda mallary, guşlary hapa, sanitariýa kadalaryna laýyk gelmeýan şertlerde saklaýalar. Saklanýan ýataklarda mallaryň sany bolmalysyndan gaty ýokary bolýar. Semretmek maksady bilen mallaryň iýmitine kadaly ýagdaýda antibiotikleriň pes mukdary goşulup berilýär. Şunuň esasy maksady, mallaryň kesellemeginiň önüni alyp we gysga wagtyň içinde olary ýetişdirip, girdeji almak bolup durýandyr. Ulanylýan antibiotikler adamyň saglygyna we daşky gurşawyň ýagdaýyna çynlakaý howp salýar. Antibiotik serişdeleriň bimaksat we görkezmesiz ulanylmagynyň netijesinde, adamlarda antibiotiklere durnukly keselleriň döremeginiň töwekgelçiligi artýandyr.

2009-nji ýylda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda (ABŞ) hemme satylan antibiotikleriň 80%-i mallary we guşlary ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylan bolsa, galan 20%-i adamlary bejermek uçin ulanylypdyr (U.S. Food and Drug Administration).

Gormonlar we toksinler

Maldarçylykda ulanylýan sintetik gormonlaryň galyndysy adamyň saglygyna uly howp salýar. Meselem, adamlarda düwnük (rak) keselleriniň, haýwanlarda bolsa dürli ýokançly keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini artdyrýar.

1999-nji ýylda, Ýewropaly alymlar mal we guş ösdürmekde ulanylýan gormonlaryň, esasan hem ABŞ-da ulanylýan gormonlaryň ýaramaz täsiri barada çynlakaý aladalanma bildirdiler. 1999-nji ýylda, Ýewropa Bileleşiginiň weterinariýa we adam saglygy boýunça komiteti öz metbugat hasabatynda, köp ulanylýan alty sany gormonlaryň süýt mäzlerinde, erkeklik jyns mäzinde we içegede rak keseleriniň döremeginiň töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny bellediler. Etde we et önümlerinde tapylýan gormonlaryň ujypsyz mukdarlary hem adamyň saglygyna howply bolup durýalar. Ýewropa Birleşigi ylmy barlaglara esaslanyp Amerikadan iberilýän sygyr etiniň importyny gadagan etdi. Ýöne ABŞ Dünýä söwda guramasynyň usti bilen bu gadagançylygy ýatyrdy.

Daşky gurşawdaky toksinler mallaryň we guşlaryň dokumasynda toplanýarlar. Zaherleýji maddalar esasan hem mallaryň ýagynda toplanýar. Toksinler adamyň onelgelilik ulgamynyň bozulmalarynyň, ýürek keselleriniň, süýji keseliniň we düwnügiň döremeginiň sebabi bolup bilýärler.

Az bolsun, howpsuz bolsun...

Et satyn alanyňyzda gyssanmaň. Etiň diňe bahasy bilen gyzyklanman, onuň nireden getirilendigini, malyň haýsy şertlerde önüp-ösdürlendigi barada maglumaty biljek boluň. Elin eti satyn almana çalşyň. Hazirki döwürde lukmanlar etiň az iýilmeginiň peýdalydygyny we gaty uly muktarda iýilmeginiň (meselem, her gün) zerurlygynyň ýokdugyny nygtap geçýärler.

Ulanylan çeşme.