ÇAGALAR BARADA ALADA: TÜRKMENISTANDA ÇAGALYGY GORAMAK WE ÇAGALARA BERILÝÄN ÝEŇILLIKLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.96 (26 Ses)

Maşgalada çaganyň dogulmagy uzak garaşylan baýramçylykdyr. Şu pursatdan çaganyň ene-atasynyň durmuşynda täze jogapkärli döwür başlanýar, sebäbi indi esasy alada çagajygyň üpjünçiligi we saglygy bolup durýar.

Öz çagaňy goramak üçin biz ilkinji nobatda näme etmeli?

Enäni we çagany goramak näme? Ol çaganyň saglygyna nähili täsir edýär?

Çagalygy goramaklygyň hukuk-kadalaşdyryş binýady

Çagalara we olaryň maşgalalaryna durmuş-ykdysady taýdan berilýän döwlet goldawy

Kömek puluny almakda hukuklaryň bozulan ýagdaýynda nirä ýüz tutmaly?


Öz çagaňy goramak üçin biz ilkinji nobatda näme etmeli?

Eger-de biz: "Öz çagaňy goramak üçin biz ilkinji nobatda näme etmeli?" diýen soragy goýsak, onda degişli maglumatlary bilmegiň örän wajypdygyny ynamly aýdyp bileris.

Biziň günlerimizde saglyga degişli maglumatlar (ylaýta-da internet arkaly) örän elýeterdir. Maglumat çeşmesini sowatly saýlamagyň örän wajypdygyny bellemek gerek. Maglumat gowy hilli bolmalydyr. Maglumatyň çeşmesi maşgala lukmany, lukmançylyk hünärmenleri, maglumat gulluklary, döwlet we jemgyýet guramalary we ş.m. tarapyndan teklip edilen bolmalydyr. Ene-atalar kiçi ýaşly çaganyň saglyk aýratynlyklarynyň bardygyny hasaba almalydyr. Olar keseli özbaşdak "anyklap", bejergi geçirmeli däl. Tersine, hökman hünärmenleriň maslahatyndan ugur almalydyrlar. Ene-atalaryň keseli özbaşdak "anyklan" ýagdaýlary zerarly çaga kösenýär. Gynansak-da, şeýle çagalar hassahana diňe keseliň gaýraüzülmeleri ýüze çykanda eltilýärler.

Her bir ene-ata öz ömründe çagasynyň saglyk ýagdaýy bilen bagly kynçylyklara duçar bolýar. Käbir ene-atalar şeýle ýagdaýlarda aljyrap, näme etjegini bilmän, ýakynlarynyň, jemgyýetiň, döwletiň kömegine mätäç bolýarlar. Şonuň üçin-de, her bir ene-ata eneligi we çagalygy goramak boýunça döwlet tarapynda geçirilýän çäreler toplumynyň bardygyny hökman bilmelidir.

Enäni we çagany goramak näme? Ol çaganyň saglygyna nähili täsir edýär?

Çaganyň saglygy gönüden-göni enäniň saglygyna baglydyr. Şoňa görä-de, çaganyň saglygyny ol heniz dogulmanka goramalydyr. Munuň üçin, maşgala, ylaýta-da geljek ene barada alada edilmelidir.

Enäni we çagany goramaklyk – bu hukuk, durmuş-ykdysady we lukmançylyk babatda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň toplumydyr. Şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak maksady bilen döwlet "Saglyk", "Howpsuz enelik", "Ýaş çagalaryň kesellerini integrirlenen görnüşde alyp barmak", "Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak, wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bolan talaplar hakyndaky", "Çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlyk" we başga-da dürli milli maksatnamalary amala aşyrýar (bu maksatnamalar bilen "Saglyk" we "Lukmançylyk" žurnallarynda, şeýle hem ÝUNISEF, BMG-niň FNN wekilçilkleriniň, Türkmenistanyň aýallar birleşiginiň we başgalaryň internet saýtlarynda jikme-jik tanşyp bilersiňiz).

Çagalygy goramaklygyň hukuk-kadalaşdyryş binýady

Halkara kadalaşdyryjy-hukuk namalary

Türkmenistan çagalaryň saglygyny we hukuklaryny goramak boýunça degişli möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna goşuldy:

Türkmenistan döwleti şu wajyp resminamalara gol çekip, olary ýerine ýetirmek, ýagny her çaganyň we ähli raýatlaryň ýaşyna, jynsyna, reňkine we dinine garamazdan, olaryň hukuklaryny goramak borjuny öz üstüne aldy. Türkmenistanyň konstitusiýasy Türkmenistanyň goşulan konwensiýalarynyň we başga-da ähli halkara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginikepillendirýär. Ýurdumyzyň esasy kanunynda ýaşaýşyň mynasyp derejesi, bilim we saglygy goramak, zähmet we dynç almak, pikiriňi erkin aýtmak we maglumatyň eýesi bolmak, wyždanyňy we mertebäňi goramak, ýaşamak we ösmek ýaly hukuklar berkidilen.

Milli kanunçylyk

Türkmenistanyň konstitusiýasyna laýyklykda şu konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň esasyny düzýän ýörelgeler milli kanunçylygynda öz beýanyny tapdy. Bu kada-kanunlara, ine, şular degişlidir:

Konstitusiýa we milli kanunçylyk namalary çagalara dürli derejelerdäki raýatlar bilen bir hatarda diňe deň hukuklary däl, eýsem artykmaç hukuk kepillikleri hem kepillendirýär.

Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, 18 ýaşy dolmadyk raýat çaga diýip hasaplanýar.

Türkmenistanyň kanunlarynda çaganyň esasy hukuklary hökmünde aşakdakylar berkidilýär:

Ýokarda agzalan hukuklardan başga-da, çagalaryň saglygyny goramak hukugy keseliň öňüni alyş çäreleriň (şol sanda ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň) geçirilmegini üpjün edýär. Munda başga-da, bu hukuk çagalara hassahanalarda ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömeginiň berilmegi we şypahanalarda dikeldiş bejergileriniň geçirilmegini hem üpjün edýär. Döwlet öz kanunlarynda göz öňünde tutulan möçberde çagalara mugt lukmançylyk kömegini almak mümkinçiligini hem kepillendirýär. Şeýle lukmançylyk kömegine aşakdakylar degişlidir:

Çagalar barada alada edilende, olaryň eneleri hakynda alada etmek gerek. Şoňa görä-de, döwlet tarapyndan aşakdakylar kepillendirilendir.

Zähmet kanuny tarapyndan şu aşakdakylar gadagan edilýär:

Bular göwreli, şeýle hem çagasy üç ýaşa ýetmedik (16 ýaşa çenli maýyp çagany terbiýeleýän) aýallara degişlidir. Şu topara degişli aýallar has ýeňil işe geçirilmäge, bir ýarym ýaşa ýetmedik çagany naharlamak üçin arakesme almaga hukugy bar.   

Göwreli aýallar we çagasy üç ýaşa ýetmedik (16 ýaşa ýetmedik maýyp çagany terbiýeleýän) aýallar bilen zähmet şertnamasyny bozmak meselesinde iş berijileriň ygtyýarlyklary hem çäklendirilendir.

Çagalary amatly ýagdaýda ösdürmek üçi, olaryň enelerine çaga seretmek boýunça rugsat göz öňünde tutulýandyr.

Çagalara we olaryň maşgalalaryna durmuş-ykdysady taýdan berilýän döwlet goldawy

Çagalaryň dogulmagy, ösmegi we ösüşi üçin çagalary goramakda sazlaşykly şertleri üpjün edýän düýpli meseleleriň biri hem döwlet tarapyndan berilýän durmuş-ykdysady goldawdyr.  

Çagalaryň we maşgalanyň ykdysady ýagdaýyny berkitmek örän wajypdyr. Milli kanunlar çagalaryň we aýallaryň durmuş üpjünçiligine we ýeňilliklere bolan hukuklaryny goramaklygy kepillendirýär.

Çagalary we eneleri  goramak üçin döwlet tarapyndan durmuş üpjünçiliginiň haýsy görnüşleri kepillendirilen?

Zähmete ukyplylygy wagtlaýyn ýitirilmegi boýunça döwlet kömek puly şu aşakdaky ýagdaýlarda berilýär:

Zähmete ukyplylygy wagtlaýyn ýitirilmegi boýunça döwlet kömek puluny almak üçin saglygy saklaýyş edarasy tarapyndan berlen işe ukypsyzlyk kagyzy esas bolup durýar.

Ene-atanyň birine ýa-da hossarlylyk edýäne olaryň esasy iş ýeri boýunça tölenilýär.

Göwrelilk we çaga dogranlygy boýunça döwlet kömek puly

Aýallara göwreliligiň 32-nji hepdesinden göwrelilik we çaga dogurmak boýunça möhleti 112 senenama gününden az bolmadyk rugsat (çaga dograndan öňki we soňky döwrüň her haýsysy 56 senenama gününden ybarat bolan rugsat) berilýär. Çaga dogrumyň dowamynda agyr ýagdaýlar ýüze çyksa, çaga dograndan soň berilýän rugsat 16 senenama gününe, iki ýa-da ondan köp çaga dogursa 40 senenama gününe çenli uzaldylýar.

Göwrelilk we çaga dogranlygy boýunça döwlet kömek puluny almak üçin saglygy saklaýyş edarasy tarapyndan berlen işe ukypsyzlyk kagyzy esas bolup durýar.

Göwrelilk we çaga dogranlygy boýunça döwlet kömek pulunyň möçberigöwrelilk we çaga dogranlygy boýunça rugsada çykylan aýyň öňünden gelýän soňky on iki senenama aýyny göz öňünde tutup, esasy iş ýeriniň ortaça zähmet hakyny nazara alyp hasaplanýar.

Şu kömek puly aýallara olaryň esasy iş ýerinde çaga dograndan öňki we soňky döwürleri üçin birwagtlaýyn tölenýär.

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny doglan çaganyň enesi ýa-da atasy (şeýle hem çagany dört aýlyk bolmanka, ony ogullyga/gyzlyga alan şahsyň) almaga hukugy bar.

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny almaga hukuk hökmünde bellenen tertipde berlen dogluş hakynda şahadatnama esas bolup durýar.

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny almak üçin, ýaşaýan ýeriň boýunça durmuş üpjünçiligi bölümine aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi:

Şu kömek pul enäniň ýa-da atanyň (ogullyga/gyzlyga alanyň) hut özüne ýaşaýan ýerine degişli bolan bank edarasynyň üsti bilen tölenilýär.

Çaga seretmek boýunça rugsatdaky adama bellenilýän döwlet kömek puly

Çaga seretmek boýunça kömek puluny almak hukugyna çaga üç ýaşaýança hakyky idegi amala aşyrýan eneler (atalar, hossarlar, aýratyn ýagdaýlarda – bellenen şahslaryň biri) eýedir.

Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy bolan şahs ýaşaýan ýeriniň degişli durmuş üpjünçilik bölümine aşakdaky resminamalary tabşyrýar:

Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly her aýda her çaga 97 manat 50 teňňe möçberinde bellenilýär.

Şu kömek puly her aýda ene-atanyň birine (ogullyga/gyzlyga alana ýa-da hossarlyk edýäne) ýaşaýan ýeriniň degişli bank edarasynyň üsti bilen tölenýär.

Kömek puluny almakda hukuklaryň bozulan ýagdaýynda nirä ýüz tutmaly?

Raýatlara berilýän ýeňillikler we kömek puly baradaky meselelere degişli arza-şikaýatlaryň hemmesine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Durmuş üpjünçiligi ministrligi garap, günäkär adamlara degişli çäreleri görýär. Kömek puluny almakda hukuklaryň bozulmagyna degişli edaralar (mysal üçin, Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň zähmet jedelleri boýunça gullugy we başgalar) öz ygtyýarlylyklarynyň çäginde hem garaýarlar. Ýeňillikler we kömek puly babatda ýüze çykýan hemme jedeller Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda kazyýet üsti bilen çözülýär.