ÝAŞLARYŇ ÇYDAMLYLYGYNYŇ ÇÄKLERI BAR
Döwletler pandemiýa garşy göreşmek üçin dyrjaşýakalar, psihiki saglyk hünärmenleri ýaşlarda ýüze çykyp başlan psihiki krizisi hakynda duýdurýarlar – diýip The New York Times habar berýär.
Kynçylykly geçýän ýyllaryň işsizlige, sosial durmuşyň durgunlygyna, romantik gelejege böwet bolmagyna we ene-atalar bilen ýaşamaga dolanyp gelinmegine sebäp bolmagy ýaşalaryň arasynda jana kast etmek we jana kast etmek baradaky pikirleri has-da artdyrdy.
Sowalnamalaryň biri pandemiýa döwründe Fransuz ýaşlarynyň psihologiki saglyk derejesiniň iň pes orun eýeleýändigini görkezdi. Italiýada we Niderlandiýada käbir ýaşlar psihiatriýa bölümleri doly güýjünde işleýär.
Doýçe Welle-niň habar bermegine görä, onuň täsiri diňe ýaşlara ýetmedi: Saarland uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesi Germaniýadaky adamlaryň birinji izolýasiýa bilen deňeşdirilende häzirki izolýasiýa döwründe psihiki saglyk bilen has köp ejir çekýändigini görkezýär.
- 1885 gezek okalan