IRKI GÜNLERIŇ ÇÄRESIZLIGI: KESELHANALAR, COVID-19 NÄSAGLARY WE ANTIBIOTIKLER
COVID-19 pidalarynyň arasynda antibiotiklere bolan durnuklylygyň artýan howplary bütin dünýäniň ünsüni çekýär.
"Pew Charitable Trusts" tarapyndan geçirilen täze barlag pandemiýanyň ilkinji 6 aýynda antibiotige bolan durnuklylyk töwekgelçiligini ýokarlanan bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Çünki, keselhanalarda COVID-19 näsaglaryna antibiotikler aşa köp berlipdir.
Barlagda 2020-nji ýylyň fewral-iýul aralygynda hassahana ýerleşdirilen 5000 sany COVID-19 näsaglarynyň elektron saglyk ýazgylary derňeldi.
Esasy netijeler:
↪ COVID-19 bilen keselhana kabul edilen näsaglaryň 52%-ine bir ýa-da ondan köp antibiotik berlipdir.
↪ Näsaglaryň 96%-ine bakteriýal infeksiýanyň barlygy anyklanylmazdan öň antibiotikler bellenilipdir.
↪ Kabul edilen hassalaryň 36%-ine birnäçe antibiotik berlipdir.
Ýatladýarys: COVID-19 wirus sebäpli döreýän keseldir.
Başlangyç maglumat: NPR Shots-yň habar bermegine görä, pandemiýanyň ilkinji günlerinde tassyklanylan täsirli bejergileriň ýoklugy sebäpli, lukmanlar gyzzyrma, üsgülewük we dem gysma bilen göreşýän näsaglary köp halatlarda antibiotikler bilen bejeripdirler.
COVID-19 näsaglarynyň aglabasy üçin antibiotikleriň peýdasyzdygyny lukmanlar boýun aldylar.
Möhüm sanlar: Her ýyl 3 milliona golaý amerikala derman serişdelerine durnukly bolan mikrob ýokuşýar we antibiotiklere garşy durnukly infeksiýalar zerarly 35000-den gowrak adam ýogalýar – diýip CDC habar berýär.
- 1740 gezek okalan