HINDISTAN SUISIDIŇ MERKEZINE ÖWRÜLDI
Lancet žurnalynda çap edilen barlag işi Hindistandaky suisidiň häzirki ýagdaýy, töwekgellik faktorlary, öňüni alyş çäreleri we esasy bökdençlikler barada habar berýär:
↪ Hindistanda aýal-gyzlaryň arasynda suisidiň derejesi dünýädäki ortaça görkezijiden iki esse ýokary bolmagyna galýar.
↪ Ýurtda 15-39 ýaşlylaryň arasyndaky ölümleriň aglabasy suisid sebäpli döreýär.
↪ Özüňi asmak suisidiň iň köp ýaýran görnüşi bolup, onuň yzyny pestisidlerden zäherlenme, çakdan aşa derman içme we özüňi otlama çekýär.
↪ Töwekgellik faktorlary: depressiýa, alkogol ulanmak, sosial we medeni kynçylyklar.
↪ Suisidiň netijeli öňüni almaga böwet bolýan zatlar: milli suisidiň öňüni alyş maksatnamasynyň ýoklugy, mediýada suisid barada ýerliksiz hasabatlaryň berilmegi, suisidiň jenaýat hasaplanylmagynda kanuny konfliktler, öňüni alyş çärelerine dürli pudaklaryň ýeterlik gatnaşmazlygy.
Maslahat berilýän çözgüt: Suisidiň öňüni alyş çärelerini jemgyýetçilik saglygyna degişli ähli pudaklarda ýola goýmaly we milli suisidiň öňüni alyş maksatnamasynyň çykarylmagyna we durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermeli.
- 1516 gezek okalan