RAK KESELINI BEJERMEKDE "UMYT BERIJI" TERAPIÝA
Eksperimental rak terapiýasyny alanyndan 10 ýyl geçse-de, leýkemiýa pasiýenti Doug Olsonda rak keselinden nam-nyşan görünmeýär.
Olsonyň wakasy alymlaryň CAR-T öýjük terapiýasynyň güýjüne we onuň täsiriniň uzak wagt dowam etjegine bolan ynamyny artdyrdy. Adatça rak keselinden gutulýan az, emma CAR-T öýjük terapiýasy ragy bejermäge umyt berýär.
Genetiki taýdan immun öýjüklerini üýtgedip, çişi ýok edýän öýjüklere öwürýän terapiýa, indi on müňlerçe näsagy bejermekde ulanylýar.
"Indi CAR-T öýjükleri leýkemiýaly näsaglary hakykatdanam bejerýär diýen netijä gelip bileris" diýip, terapiýa baradaky täze barlag işiniň awtordaşy Karl June aýdýar.
Alymlar bu terapiýany beýleki rak kesellerini bejermekde ulanmaga umyt etseler-de, käbir kynçylyklar heniz hem çözülmän galýar.
- 1533 gezek okalan