TEMMÄKI ÖNDÜRIJILER SATYŞYŇ TÄZE ÝOLUNA BAŞ URDULAR
Täze çap edilen Temmäki atlasyna görä, dünýäde çilim çekmek ilkinji gezek rekord derejede peselip, 2007-njy ýylda 22.6%-den 2019-njy ýylda 19.6% -e çenli azaldy.
Emma: Temmäki global epidemiýa bolup, çagalary we ykdysadyýeti ösüp barýan ýurtlary çeňňegine salýan we baý ýurtlaryň çäklendirmeler arkaly gazanan progresini peseldýän senagat tarapyndan dolandyrylýar.
Netijeler:
↪ Diňe 2019-njy ýylda temmäkiniň ulanylmagy dünýäde 8.67 milliondan gowrak adamyň ölümine we ~$2 trillion ykdysady ýitgä sebäp boldy.
↪ Sowalnama geçirilen 135 ýurduň 63-inde temmäki ulanýan ýaşlar artypdyr. 13-15 ýaş aralygyndaky 50 milliondan gowrak ýetginjek çilim çekýär ýa-da tüssesiz temmäki önümlerini ulanýar.
↪ Döwletler ünsüni COVID-19-a gönükdirýärkä, temmäki senagaty temmäkä garşy göreş çäreleriniň "deňsiz we gowşak" durmuşa geçirilmeginden doly peýdalandy.
↪ "Temmäki senagatynyň ösüşi henizem çagalary owal-ahyr oýlanylyp tapylan iň garaşly ediji we zyýanly önümleriň biri bolan temmäkä öwrenişdirmäge bagly bolup galýar" – diýip, Atlasyň awtorlary belleýärler.
Temmäkä garşy göreşmekde iň netijeli ýaraglar:
↪ Temmäki salgytlary;
↪ Temmäkini ýönekeý we şekilli duýduryşly gutulara gaplamak;
↪ Mediýa kampaniýalary.
- 1378 gezek okalan