HINDISTANDA ÖLÜM HOWPLY GYZGYNLYK WE OŇA GÖRÜLÝÄN ÇÄRELER
Mart we aprel Hindistanda soňky 122 ýylda hasaba alnan iň yssy aýlar boldy. Aprelde günorta-günbatar Hindistanda ortaça temperatura adatdakylardan 3 gradus galyp, 35.9 gradusdan geçdi. Päkistanda welin howanyň ýylylygy 50 gradusa ýetdi.
Netijede: Tokaýlarda we zir-zibil dökülýän ýerlerde ýangynlar döredi, ekinleriň hasyly 10-35% azaldy, talaplaryň artany sebäpli tok we suw gytaldy. Şeýle-de, irki hasabatlarda yssydan 90 adamyň ölendigi habar berildi, emma bu sanyň hakykatda has ýokary bolmagy çaklanylýar.
Netijeli çäreler: 120-den gowrak hindi şäherlerinde gyzgynlyga garşy netijeli çäreler ýola goýuldy:
↪ Ýylylyk barada öňünden duýduryjy ulgamlar;
↪ Saglygy goraýyş, zähmet, elektrik we bilim ýaly edaralaryň arasyndaky gatnaşygyň berkidilmegi;
↪ Saglyk ulgamynyň gyzgynlyk bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlara jogap berşiniň ösdürilmegi;
↪ Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yssy howada ýüze çykýan insult barada kampaniýalaryň geçirilmegi;
↪ Maýladyjy gaçybatalga merkezleri.
Sitata: "Ýylylyk tolkunlaryna heniz hem siller, tupanlar we ýer titremeleri ýaly beýleki betbagtçylyklaryň derejesinde üns we ähmiýet berilmeýär" diýip, gyzgynlyk saglygynyň eksperti Abhiyant Tiwari belleýär.
- 1334 gezek okalan