PÄKISTANYŇ POLIOMIÝELIT KAMPANIÝASYNYŇ ŞOWSUZLYGY
Päkistanyň hökümeti ýabany poliomiýelitiň juda artmagynda waksinalaryň ret edilmegini we wakisinasiýa hasabatlarynyň galplaşdyrylmagyny günäkärleýär.
Päkistan 1 ýyldan gowrak wagtlap poliomiýelitden azat gezipdi. Emma, Demirgazyk Waziristanda geçen aý ysmaz galan çaga ýurtda 8-nji poliomiýelit hadysasy boldy.
Konspirasiýa: Bir hökümet işgäri poliomiýelit işgärlerini "ene-atalar bilen waksinalary almazlyk üçin dildüwşükde" aýyplady. Waksinadan şübhelenýän ene-atalar waksina edilen çagalaryň barmaklaryna bellik edýän ýörite ruçkalary alyp bilipdirler.
Bu şu ýyl poliomiýelit toparynyň 2 işgäriniň waksinanyň garşydaşlary tarapyndan öldürilmegi we waksinalaryň günbatar döwletleriň musulman çagalary sterilizasiýa etmek meýilnamasydygy baradaky myş-myşlary öz içine alýan dowamly şowsuzlyklaryň hataryna girýär.
Çeşme: The Guardian
- 604 gezek okalan