HYTAÝA COVID-19 ÝAÝRAWYNY SAKLAMAK AŇSAT DÜŞMEÝÄR
COVID-19 hadysalarynyň köpelmegi we Pekinde Omikronyň täze görnüşiniň tapylmagy Hytaýyň koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşini kynlaşdyrdy.
↪ Iýulyň başynda Şanhaýda 24 sany täze hadysa habar berildi. Keselleýänleriň azdygyna garamazdan, hadysalaryň şäheriň birnäçe böleklerinde ýüze çykmagy resmileri wirusyň bütin şähere ýaýramagyndan howatyrlandyrdy. Şäheriň 16 böleginden 10-synda täzeden köpçülikleýin test etmek buýruldy.
↪ Pekiniň resmileri Omikronyň BA.5.2 görnüşiniň onlarça adama daşary ýurtda syýahatda bolan adamdan ýokuşanlygyny habar berdiler.
↪ 300 sany täze hadysa Hytaýyň 960 km günorta-günbataryndaky, 13 million ilatly Sian şäherinde ýüze çykdy.
↪ Şu aý Gonkong günlük ortaça 2000 koronawirus hadysasyny hasaba aldy.
Nol sabyrlylyk: Täze koronawirus ýokuşmalary ýurduň köpçülikleýin testleri we bölekleýin lokdaunlary öz içine alýan "nol-COVID" strategiýasyny kynçylyga salýar.
"Adamlar indi COVID-den gorkmaýarlar, olar öýde lokdaunda saklanmakdan gorkýarlar" – diýip, şanhaýly bir ýaşaýjy aýdýar.
Kynçylyk çekýän saglyk ulgamy: "nol-COVID" strategiýasy koranawirus bilen göreşmek üçin hususy hassahanalary serişdelerini başga maksatlar üçin ulanmaga mejbur etdi.
Netije: Onlarça hususy hassahanalar adaty gazanýan girdejilerinden mahrum boldular we bankrotlyk yglan etdiler.
Diňe 2020-nji ýylyň özünde 685 hassahana (hususy we döwlet hassahanalary) ýapyldy.
- 1233 gezek okalan