YRAKLY LUKMANLAR NYŞANA ALYNÝAR
Yrakly lukmanlar ýurtdaky lukmanlara edilýän hüjümleriň köpelmegi bilen öz saglygy we howpsuzlygy barada alada edýärler.
Awgustyň başynda çap edilen sowalnama görä, Bagdatly lukmanlaryň 87%-i COVID-19 pandemiýasy döwründe syrkawlaryň ýa-da olaryň maşgalalarynyň edýän zulumymyň artandygyny habar berdiler.
Zulumlaryň sebäpleri:
↪ Howpsuzlyk çäreleri gowşak we zulum edijiler jogapkärçilige çekilmeýärler;
↪ Yragyň ýarag ulanma medeniýeti;
↪ Köp sanly myhmana pasiýentiň ýanynda galmaga mümkinçiligiň berilmegi;
↪ Klanlaryň haýbat atyp, lukmanlary howpsuzlygy üçin tölemäge mejbur etmegi.
Beýni gaçaklygy: Zorluk 20,000 töweregi lukmanyň ýurtdan gitmegine iterdi.
"Ozal ‘beýni syzmasy’ bilen baglanyşykly meselämiz bardy... Indi ol "beýni gaçaklygyna" öwrüldi. Zorluk sebäpli beýnilerimizi Yragyň daşyna gaçyrýarys" – diýip, epidemiologiýa professory Riyadh Lafta aýdýar.
- 1319 gezek okalan