PATOGENLERIŇ TÄZE ÝAÝRAÝYŞ ÝOLLARY
Adatdan daşary howa ýagdaýlary suw joşmasyndan soň çybynlardan döreýän kesellerden başlap, Sibiriň erän doňaklyklaryndaky haýwan maslyklaryndan döreýän sarybaş keseline çenli ýüzlerçe ýokanç keselleri ýitileşdirýär.
↪ Ýakynda Nature žurnalynda çap edilen ylmy işde alymlar dürli klimat betbagtçylyklaryndan ýüze çykýan mergi we gyzzyrma ýaly keselleriň ýaýraýyş ýollaryny öwrendiler.
↪ Netije: Adamlara mälim bolan 375 ýokanç keselden 218-siniň (58%) ýylylyk tolkunlary, suw joşmalary, gurakçylyk we klimatyň üýtgemegi bilen bagly beýleki howplar sebäpli erbetleşendigi anyklanyldy.
Sitata: "Ýokanç keseller we mikrobiologiýa ugurlarynda işleýänlerimiz klimatyň üýtgemegini ileri tutýan meselelerimiziň birine öwürmelidiris" – diýip, Emory uniwersitetiniň ýokanç keseller boýunça hünärmeni Karlos del Rio aýdýar.
- 1281 gezek okalan