GYZAMYK GAÝDYP GELDI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

BSGG-nyň habar bermegine görägyzamyk gaydyp geldi, geçen ýylda 40 million çaganyň waksinany sypdyranlygy sebäpli gyzamyk wirusy "howply derjede" ýaýraýar.

COVID-19 dünýäde iň ýokanç keselleriň biri bolan gyzamyga garşy waksinanyň sypdyrylmagyna we netijede, keseliň rekord derejede köpelmegine getirdi. Pandemiýa gyzamyga gözegçiligiň gowşamagyna sebäp boldy we jogap meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegine päsgel berdi.

Häzirki hadysalar: 20 ýurda ýaýran wirus dünýäniň ähli sebitlerine howp salýandygyny Saglygy goraýyş agentlikleri belleýär.

Mumbaýyň saglygy goraýyş resmileri oktýabryň ahyrynda ýaýrap başlan gyzamykdan eýýäm 12 çaganyň ölendigini habar berdiler. 23-nji noýabra çenli şäherde gyzamyk keselileriň sany 233-e ýetdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirende üç esse köpdür.

Juda ýokançly: BSGG görä, gyzamygyň bir hadysasy 12-18 adama ýokaşyp biler.

Geçen ýyl, bütindünýäde 9 million adam gyzamyk bilen keselläp, 128.000 adam öldi.