ABŞ-NYŇ HARBY GÜÝÇLERINDE ERKEKLERE GARŞY SEKSUAL ZORLUGYŇ ÝAŞYRYLMAGY
Pentagonyň çaklamalaryna görä, ABŞ-nyň ýaragly güýçlerinde her gün 45-den gowrak erkek adam jynsy taýdan zorlanýar. Harby gullukdaky seksual trawmalary habar beren weteranlaryň 40%-ine golaýy erkeklerdir.
Emma, şeýle zorlamalar habar berilmeýär we erkek pidalaryň köpüsi hiç wagt lukmançylyk bejergisini ýa-da beýleki kömekleri almaýarlar:
↪ Harby gullukdaky erkekleriň 90%-i 2021-nji ýylda başdan geçiren seksual zorluklary barada habar bermändirler.
↪ Şeýle pidalarda depressiýa, howsala we trawmadan soňky stres bozulmalarynyň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokary.
↪ Gözlegçiler seksual zorluk barada dil ýarylmazlygyň esasy faktory stigmadygyny (masgaralanma) we şonuň üçin zorlugyň sebäbi barada habardarlygyň azlygyny aýdýarlar.
Çeşme: The Intercept
- 1324 gezek okalan