SIERRA LEONDA AKYL SAGLYGYNYŇ REFORMASY
2018-nji ýylda Sierra Leone akyl saglygy hassalaryny psihiatrik hassahanalarda zynjyrlap saklamak ýaly kolonial döwrüň tejribeleriniň soňuna çykdy. Şondan bäri, ýurt reformalary amala aşyrmagy dowam edýär:
↪ Şu ýylyň ahyrynda hassalaryň abadançylygyny goraýan "pasiýente ýöriteleşdirilen kanunyň" kabul edilmegine garaşylýar;
↪ Gelejekki aýlarda ýurduň 16 uly hassahanasyna esasy akyl saglygy hyzmatlary goşular;
↪ Psihiatriýa rezidensiýa maksatnamasy Sierra Leonyň 8.1 million ilatyna ideg berjek psihiatrlaryň sanyny (häzirki sany 5) iki esse artdyrmagy maksat edinýär;
↪ Hökümet 10 ýylda 10,000 sany akyl saglygy taýdan ideg berýän işgäri taýýarlamagy umyt edinýär.
"Sierra Leondaky akyl saglygynyň reformasy örän uly başlangyç, ýöne biz muny başararys" – diýip, prezidentiň taryhda ilkinji akyl saglygy geňeşçisi professor Karol Labor belledi.
Çeşme: Bhekisisa
- 1242 gezek okalan