ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝ SOŇLANSA-DA, PANDEMIÝA SOŇLANMADY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 pandemiya sonlanmady5-nji maýda BSGG-nyň COVID-19 bilen bagly jemgyýetçilik saglygyndaky adatdan daşary ýagdaýy soňlamak baradaky karary öwrülişikli pursat boldy. Bu karar döwletlere COVID-19-y adatdan daşary ýagdaý statusyndan aýryp, ony beýleki ýokanç keseller bilen bir hatarda dolandyryp başlamaga wagtyň gelendigini görkezýär.

Emma, köp tarapdan üýtgejek zat ujypsyz bolar.

Uly howp saklanyp galýar: "Bu wirus ýitip gitmedi. Ol heniz hem öldürmesini we mutasiýa geçirmesini dowam edýär. Geçen hepde COVID-19 her 3 minutda azyndan 1 adamyň ölümine sebäp boldy" diýip, BSGG-nyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Ghebreyesus belledi.

Uly meseleler çözülmän galdy: Waksinalaryň dünýä ýüzüne paýlanyşy deňsizligine we keselbent adamlaryň COVID-19 bilen kesellemek töwekgelçiligi ululygyna galýar.

COVID-iň ewolýusiýasy we wirusyň döräp biljek görnüşleri barada ençeme soraglar jogapsyz galdy.

Indiki ädim näme? BSGG döwletlere COVID-19 waksinasyny standart waksinasiýa meýilnamalaryna goşmagy we gazanylan saglyk üstünlikleriniň durnuklylygyny saklamagy maslahat berdi.

Unutmalyň! BSGG-nyň wekili Mariýa Wan Kerkhowe: "Keselhanalaryň, reanimasiýa bölümleriniň duçar bolan halyny ýatdan çykaryp bilmeris. Kremasiýa üçin ýakylan otlary, gazylan mazarlary unudyp bilmeris" diýip belleýär.