ENDOMETRIOZYŇ DÖREÝŞI BARADA TÄZE AÇYŞ
Uzak wagtlap ýüze çykarylmadyk bakterial ýokançlyk endometriozyň döremegine sebäp bolup biler. Endometrioz – reproduktiw ýaşdaky aýal-gyzlaryň 10%-ine täsir edýän agyryly ginekologik bozulmadyr.
Science Translational Medicine lukmançylyk žurnalynyň 155 sany aýalyň (ýarsyndan gowragy endometriozly we ýarysy endometriozsyz) gatnaşmagynda geçiren täze barlagynyň netijesi:
↪ Endometriozly aýallaryň 64%-niň ýatgysynda fuzobakteriýa ýüze çykaryldy;
↪ Sagdyn aýallaryň 10%-den azragynyň ýatgysynda bakteriýalar tapyldy.
Indiki ädim: Nagoya uniwersitetiniň alymlary syçan modellerinde barlag geçirdiler we şulary öwrendiler:
↪ Fuzobakteriýa syçanlara berlenden soň endometrial ýaralar köpeldi;
↪ Syçanlara berlen antibiotikler tendäki ýaralaryň sanyny we agramyny ep-esli azaltdy.
Sitata: "Esasy tapylan zat fuzobakteriýa ýokançlygydyr" diýip, barlagyň awtory we onkolog Yutaka Kondo aýtdy.
Geljekki gözlegler: Kondonyň bellemegine görä, antibiotikler iň soňky çözgüt bolup bilmez. Ýöne, netijeler miýofibroblasty işjeňleşdirýän prosesleri petikleýän bejergileriň gelejekki uly barlagyň maksady bolup biljekdigini görkezýär.
- 869 gezek okalan