ŞÜBHESIZ ULY MESELE
Daniýada geçirilen uly barlag transgenderleriň arasynda janyňa kast etmek (suisid) barada iň ygtybarly maglumatlary berýär.
Ilatyň beýleki bölegi bilen deňeşdirilende, transgenderleriň arasynda:
↪ Suisid synanyşyklary 7,7 esse köp;
↪ Suisid ölümleriniň sany 3,5 esse kän;
↪ Suisidler beýleki ölümlerden ~2 esse artyk.
Kopengagendäki Statens serum institutyndan barlagyň awtordaşy Morten Frisch: "Bu şübhesiz uly mesele bolup, öwrenilmegi zerurdyr" – diýip belledi.
LGBTQ adamlaryň suisid töwekgelçiligini öwrenýän City University of New York-dan Ann Haasa görä, 40 ýylyň dowamynda ~7 million adamyň saglyk we hukuk ýazgylaryny gözden geçiren bu barlag LGBTQ adamlaryň arasynda suisid howpunyň çişirilýändigini öňe sürýän beýanlary ýalana çykarýar.
Daniýanyň bu barlagy şuňa meňzeş suisid derejeleriniň ABŞ-daky tendesiýalary hem şöhlelendirip biljekdigini görkezýär. ABŞ-da LGBTQ adamlaryň suisid töwekgelçiligi barada çäkli maglumatlaryň bolmagy "çaklamalary we jedelleri" möwjedýär.
Emma, ABŞ we beýleki ençeme ýurtlar zorluk zerarly ölýänleriň seksual orientasiýasyna ýa-da gender aýratynlyklaryny yzarlamaýarlar. Daniýa köpçülikleýin we ýokary gözegçilikli barlagy geçirmäge mümkinçilik berýän ähli raýatlaryň merkezleşdirilen maglumatlar bazasyny ýöredýär.
Kesgitsiz netije: Transgenderleriň arasynda suisid howpy ýokary bolsa-da, barlag gendere esaslanýan gormon terapiýasyna elýeterliligiň LGBTQ adamlaryň depressiýa we suisid pikirlerini azaldyp biljekdigini görkezýär.
- 831 gezek okalan