ÝAPONİÝANYŇ ÝALŇYZLYK MESELESİNE ÇÖZGÜT
Ýapon häkimiýeti ilatda barha artýan terkidünýä ýaşaýjylaryň ýalňyzlyk tolkunyna garşy göreşmek üçin tagallalary güýçlendirýär.
Hökümetiň 2022-nji ýylda geçiren barlagyna görä, ýurtda 1.5 milliona golaý adam "hikikomori" ýa-da "ile goşulmazaklar" hökmünde ýaşaýarlar.
Aladalar: Hikikomorileriň köpelmegi Ýaponiýanyň ykdysady durnuklylygyny erbetleşdirip, dogulýanlaryň azalmagyny we garraýanlaryň artmagyny güýçlendirip biler.
Adatylygy bozmak:
↪ 2009-njy ýylda hökümet ýerli hikikomori ýardam merkezlerini döretmäge başlady. Şondan bäri, şäherlerde we 190 sany etrapda merkezleriň sany köpeldildi;
↪ Maýda kanun çykaryjylar sosial üzňeleşmäni azaltmak boýunça çäreler barada kanunyň taslamasyny kabul etdiler. Beýleki syýasatçylar hem, metaverse çäreleri ýalňyz ýaşaýjylary öýlerinden daşary çykmaga höweslendirer diýip umyt edýärler.
- 840 gezek okalan