ÖZBEGİSTANDA HİNDİ SİROBYNDAN ÖLEN ÇAGALARYŇ SANY 65-E ÝETDİ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

doc 1 maxÖzbegistanda 65 sany çaga Marion Biotech hindi kompaniýasynyň öndüren sirobyny içenden soň öldi. Ýanwaryň başynda siropdan 20 çaganyň ölendigi habar berlipdi we ölenler barada goşmaça maglumat aýan edilmändi.

Ölümçilik hadysalary "Doc-1 Max" atly sirop bilen baglanyşdyrylýar. Meselä jogap hökmünde Özbegistanyň Derman senagatyny ösdürmek agentligi Marion Biotech kompaniýasynyň ähli dermanlaryny, şol sanda "Cinepar Kid", "Travamax" we "Ambronol" dermanlarynyň satuwyny togtatdy.

Bu dermanlar Dermanlary standartlaşdyrmak boýunça ylmy merkezde laboratoriýa synaglaryndan geçirilipdi we talaba laýyklyk şahadatnamalary berlipdi. Emma, ylmy barlag prosesi kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny bozdy. Bu bolsa hili pes dermanlaryň satylmagyna sebäp boldy.

Şu ýylyň başynda Farmasewtik agentligi Marion Biotech-iň üpjün eden dermanlarynyň bir toplumynda etilen glikolyň tapylandygyny habar berdi. Bu maddanyň dermandaky mukdary lukmançylykda rugsat berlen derejeden 300 esse ýokary eken. Dermanyň düzüminde etilen glikoluň ýerine propilen glikol (bakteriýalary ýok ediji häsiýeti bolan iýmit goşundysy) bolmalydy.

Marion Biotech-iň önümlerinde kir ýuwujy serişdelerde, antifrizlerde, boýaglarda we beýleki maddalarda ulanylýan zäherli material bolan senagat propilen glikolyny ulanan bolmagy ahmal.

Doc-1 Max sirobynyň satuwy 2022-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bes edildi. Şeýle-de bolsa, Saglyk ministrligi bir hepdeden soň bu siroby satyn almazlyk barada duýduryş berdi. Şol wagtda Saglyk ministrligine ýolbaşçylyk eden Behzod Musaýew bu siropdan ölenler barada ministrlige habar berilmändigini belledi.

Çeşme