ARTYKMAÇ DOZA GARŞY DERMAN INDI DERMANNAMASYZ ELÝETERLI BOLAR
Opioidiň artykmaç dozasyna garşy ömri halas ediji derman ABŞ-nyň dükanlarynda satylmaga başlady.
Derman öndüriji Emergent BioSolutions-a görä, naloxone dermanynyň Narcan görnüşi burun spreýi görnüşinde bolup, onuň 2 dozasynyň bahasynyň $45 bolmagyna garaşylýar. Derman dermannamasyz satyn almaga dükanlarda we onlaýn elýeterli bolar.
Näme üçin bu uly habar?
ABŞ-da soňky 2 ýyldan bäri, her ýyl 100,000+ adam opioidiň artykmaç dozasyndan ölýär. Hukuk goraýjylar dermanyň aňsat elýeterli bolmagy üçin göreşdiler.
Narcan dükanlarda ilkinji elýeterli bolan dermandyr. Naloxone-yň beýleki görnüşleriniň gelejek aýlarda elýeterli bolmagyna garaşylýar.
Erbet taraplary näme?
"Öýsüz ýa-da maddy ýetmezçiligi bolan we artykmaç doza kabul etmek töwekgelçiligi abanýan adamlar dermany almakda kynçylyk çekip bilerler" – diýip, Johns Hopkins Bloomberg Jemgyýetçilik saglygy mekdebiniň neşekeşlik syýasaty boýunça eksperti Brendan Saloner belleýär.
Gymmat bahaly dermanlar köplenç bölekleýin satuw dükanlarynyň arka tekjelerinde durýar ýa-da çekerlerde gulply saklanýar. Biabraýçylyk sebäpli käbir müşderiler dermany soramaga çekinip biler.
- 252 gezek okalan