COVİD-IŇ TÄZE TOLKUNY. BSGG ÄHLİ ÝURTLARY WAKSINASIÝANY İR GEÇİRMÄGE ÇAGYRÝAR.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid in taze tolkunyCovid pandemiýasynyň tamamlanandygy maýyň başynda resmi taýdan yglan edilse-de, sentýabryň başyndan bäri ABŞ-da koronawirus ýokuşan adamlaryň sany çalt artmagyny dowam edýär. Ýurtdaky häzirki Covid hadysalarynyň tolkuny 2020-nji ýylyň ýazyndaky tolkunyň derejesine tas deňeçer.

"Hadysalaryň we agyr keselleýänleriň sany diňe ABŞ-da köpelmeýär. Diýmek, keseliň şeýleräk artmagyna beýleki ýurtlar hem taýýar bolmaly" – diýip, BSGG-nyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça jogapkäri Mariýa Wan Kerhowe belleýär.

BSGG waksinany täzeden almakdan başga hiç zadyň reanimasiýa ýerleşmekden (keseli agyr geçirmekden) gowy gorap bilmejekdigini dyngysyz duýdurýar.

Gaýtadan waksina almak esasan hem kesel ýokuşma töwekgelçiligi ýokary bolanlara maslahat berilýär.

Ekspertleriň bellemegine görä, täze Covid ştamlaryna uýgunlaşdyrylan waksina garaşmak hökman däl. BSGG-nyň tassyklan waksinalarynyň islendigi zerur goragy üpjün edýär.

Güýçlendiriji waksinalary almak diňe bir ululara däl, eýsem çagalara, şol sanda mekdebe çenli ýaşdaky çagalara hem maslahat berilýär. Soňky barlaglaryň netijesine görä, koronawirusa garşy waksinanyň 2 ýa-da 3 dozasyny alan 5 ýaşa çenli çagalaryň keselhana jaň etmek ähtimallygy 3 esse az we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini talap etmek ähtimallygy 3 esseden hem az.

Çeşme