BMG İNÇEKESELE GARŞY GÖREŞİ GÜÝÇLENDIRÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

bmg incekesele garsy22-nji sentýabrda BMG-nyň Baş Assambleýasynda dünýä liderleri 2030-njy ýyla çenli inçekeseliň soňuna çykmak baradaky 5 ýyllyk meýilnama gol çekdiler.

BSGG görä täze maksat şulary öz içine alýar:

↪ Inçekeseli bolan adamlaryň 90%-ine öňüni alyş we bejeriş hyzmatlaryny bermek.

↪ Inçekeselli adamlary "sosial kömek bukjalary" bilen üpjün etmek.

↪ Azyndan bir sany täze waksina ygtyýarnama bermek.

↪ 2027-nji ýyla çenli inçekesel barlaglary we hyzmatlary üçin maliýe boşlugyny doldurmak.

BSGG täze dozalaryň berilmegini tizleşdirmek üçin inçekesele garşy waksinalaryň paýlanyşyny çaltlandyryş geňeşini döretdi.

Jarnama lapykeçlige jogap: Geçen hepde inçekesele garşy göreşmek boýunça 2018-nji ýylda kabul edilen maksatlaryň statusy baradaky täze hasabat çap edildi. Hasabat pandemiýanyň inçekesiliň öňüni alyş we bejeriş tagallalaryny biçak bökdändigini görkezdi.

USAID-iň administratorynyň kömekçisi Atul Gawande "Soňky iki ýylyň dowamynda örän yza gaýtdyk... köp ýyllap dowam eden zähmetiň öwezini dolýarys" – diýip belledi.

Jogapkärçilik meselesi: STOP TB hyzmatdaşlygy bu jarnamany öwdi. Emma, hyzmatdaşlyk agza döwletleriň maksatlaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak boýunça berk jogapkärçilik ulgamyny döretmändikleri we inçekeseli bejermegiň deň we elýeterli bolmagy üçin möhlet kesgitlemändikleri sebäpli howatyrlanýar.