GYZZYRMA GARŞY GÖREŞDE MÖHÜM ÖŇE GİDİŞLİK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gyzzyrma garsy goresde mohum one gidislik2-nji oktýabrda BSGG gyzzyrma keseline garşy ikinji waksinany maslahat berdi. Bu her ýyl afrikaly çagalaryň içinde 500,000-e golaýlaýan gyzzyrma ölümleriniň sanynyň azaljakdygy barada umydy artdyrdy.

BSGG-nyň beýanatyna görä, BSGG-nyň 2021-nji ýylda maslahat beren RTS, S waksinasy ýaly R21/Matrix-M waksinasy hem howpsuz we täsirli.

R21 waksinasy barada bilmeliler:

↪ Möwsümleýin ýokary ýokuşma sebitlerinde 3 dozadan berilýän bu waksina alnanyndan bir ýyl soň simptomly hadysalaryň sany 75% azaldy.

↪ Waksina ýaş boýunça berlende 66% täsirlilik görkezdi.

↪ Waksinanyň dördünji dozasy üçünji dozadan bir ýyl soň berlende täsirli bolýar.

↪ Her dozanyň bahasy $2 - $4.
Ýokary talap: Afrika ýurtlarynyň 28-si milli immunizasiýa maksatnamalaryna gyzzyrma waksinasyny goşdy.

↪ RTS,S waksinasy 2024-nji ýylyň başynda we R21 waksinasy 2024-nji ýylyň ortalarynda käbir Afrika ýurtlaryna elýeterli bolar.

Duýduryş: Gyzzyrma keselini ýok etmek boýunça RBM hyzmatdaşlygynyň ýolbaşçysy Michael Charles: "Maliýe ýetmezçiligi, insektisidlere we dermana garşy durnuklylyk ýaly uly päsgelçilikler saklanyp galýar" diýip nygtaýar.

Sitata: "Gyzzyrma keseli boýunça gözlegçi hökmünde, gyzzyrma garşy howpsuz we täsirli waksinanyň oýlanyp tapyljak güni barada arzuw edýärdim. Indi bizde iki waksina bar" – diýip, BSGG-nyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Ghebreyesus belleýär.