BU ENDIKLER BILEN DEPRESSIÝADAN DAŞLAŞYP BILERSIŇ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

depressiyadan daslasmakGowy uklaýarsyňmy? Bedeniňe ýokumly iýmitleri iýýärsiňmi? Halaýan güýmenjeleriňe we sportuňa wagt sarp edýärsiňmi? Dost-joralaryň ýa ýakynlaryň bilen ýygy-ýygydan duşuşýarsyňmy? Bu soraglara beren jogaplaryň keýpiň nähilidigini we depressiýa töwekgelçiligiňi düşündirip biler. Täze barlag gowy ukyňy almak, fiziki taýdan işjeň bolmak we güýçli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny saklamak ýaly sagdyn endikleri bolan adamlaryň depressiýa töwekgelçiliginiň 57% pesdigini görkezýär.

Elbetde, agyr depressiýany bejermek zerur. Dermanlar we terapiýa ýaly bejergiler köp adama gowulaşmaga kömek edýär. Emma, soňky ýyllarda ylmyň ösmegi bilen, depressiýanyň diňe bir bedendäki himiki deňagramsyzlyk däldigi äşgär boldy. Depressiýa has çylşyrymly ýagdaý bolup, artýan subutnamalar depressiýanyň alamatlarynyň öňüni almakda ýa-da ýeňilleşdirmekde endikleriň we hereketleriň möhümdigini görkezýär. Depressiýa bilen ýaşaýan ýa onuň üçin bejergi alýan adamlar hem durmuş ýörelgesini üýtgetmekden peýda gözläp bilerler.

Dynç almagyň güýji. Barlagyň netijesine görä, bir gijede ortaça 7-9 sagat uklamak depressiýa howpuny ~22% azaldýar. Uky diňe ýady güýçlendirmän, eýsem gündiz öwrenen zatlarymyzy ýada salmaga kömek edýär, immunitetimizi berkitmekde möhüm rol oýnaýar.

Maşk melhemdir. Fiziki işjeňligiň keýpi gowulandyryp, ruhy saglygyň erbetleşýän günlerini we depressiw alamatlary dermanlardan has gowy azaldýandygy barada ençeme subutnama bar. "Käbir adama dermanlar ilkibaşda peýda edýär, ýöne wagtyň geçmegi bilen peýdasy gowşaýar. Durmuş ýörelgesini üýtgetmegiň täsiri has uzaga çekiji ýa-da hemişelik bolup biler" – diýip, Standford uniwesitetinden Douglas Noordsy belleýär.

Gowy iýmitlenmek zerurlykdyr. Köp sanly barlaglar ösümlik esasly iýmitler, ýagny ýaşyl otlar, gök önümler, miweler, däneliler, noýba ýaly ýagsyz beloklar we hoz ýaly ýokumly ýaglar bilen iýmitlenmegiň kesel töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýändigini görkezýär. Barlagyň awtory gipertoniýany, insulty, süýji keselini we ýürek infarktyny azaldýan Ortaýer deňziniň berhizini ýa-da MIND berhizini maslahat berýär.

Alkogolly içgileri çäklendir we çilim çekme. Adamlar alkogolly içgileri şähdaçyjy hasaplaýarlar. Ýöne, alkogol beýniniň işjeňligini haýalladýan merkezi nerw ulgamynyň depressantydyr. Näçe köp alkogol içseň şonça-da ol garaşlylyga öwrüler we käbir rak keselleriniň hem-de depressiýanyň töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler. Çilim çekmek barada aýdylanda bolsa, temmäkiniň sagdyn endik däldigi eýýäm hemmämize mälim bolsa gerek.

Hereketsiz wagtyňy çäklendir. Akylly telefonlar we internet tehnologiýasy durmuşymyzy amatlaşdyrmak üçin peýdaly bolsa-da, adamlar köplenç telewizor we sosial mediýa seretmek, wideo oýunlaryny oýnamak üçin birnäçe sagatlap galman oturýarlar. Her gün 30 minutlyk ylgamaga ýa-da welosiped sürmäge gitseň-de, günüň galan bölegini ekranyň öňünde geçirseň ruhy saglygyňa zyýanly täsir edip biler.

Güýmenjeler arkaly dostluklary we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gurmak. Halaýan adamlaryň bilen wagt geçirmek, esasan hem bilelikde gowy görýän zadyňyzy etmek keýpiňi gowulandyrmaga kömek edýär. Güýmenjeler telewizora tomaşa etmek ýa-da sosial mediýa seretmek ýaly passiw işjeňligi däl-de, hyýaly ideýalary, täze bir zat etmegi, döredijiligi, dynç almagy we hereketliligi öz içine almalydyr.

Çeşme