TÜRKMENİSTANDA APW MAGLUMATLARY BOÝUNÇA İLKİNJİ GÖZLEG İŞİ BAŞLANDY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkm apw isleri2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasy we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi adam papillomawirusyna (APW) garşy sanjymlar baradaky maglumatlar boýunça ýurtda ilkinji hilli gözleg işine başladylar. Geljekki üç hepdäniň dowamynda BSGG-nyň halkara gözleg hünärmeni doktor Sahil Warsi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň iş topary fokus toparlary ara alyp maslahatlaşmalardan we çuňňur söhbetdeşliklerden ybarat meýdan gözleglerini geçirer. Bu gözleg APW sanjymyna degişli adamlaryň bilimlerine, sanjymlaryň päsgelçiliklerine we kömek berijilere, garaýyşlaryna, tejribelerine we ynançlaryna has gowy düşünmegine ýardam eder. Netijeler APW garşy sanjymlar baradaky ilata berilýän maglumatlaryň güýçlendirilmegine esas berer.

Çeşme