COVID-19 PANDEMIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝADA ENELERIŇ ÖLÜMÇILIGINE TÄSIRI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 maternal mortalityEnäniň göwreliligiň ýa çaga dogumynyň dowamynda ölümçilik görkezijisi ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň nähili işleýändiginden habar berip bilýän uly alamatlara girýär. Gazagystanyň Saglyk ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilen we ABŞ-nyň öňdebaryjy National Institute of Health lukmançylyk barlag merkezinde çap edilen ylmy barlagda Merkezi Aziýada 2000-2020 ýyllar aralygynda enäniň ölümçilik görkezijileri deňeşdirilýär. Barlag üçin maglumatlardyr sanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpçülikleýin statistiki ýygyndylaryndan alyndy. Maglumat elýetersizligi sebäpli, Türkmenistana degişli sanlar ulanylmady.

Pandemiýadan öňki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynda eneleriň ölümçiligi kem-kem azalyp barýardy. Sebitde eneleriň ölümçiligi 2000-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli 47.3% peseldi. Emma welin, Özbegistandan beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda 2020-nji ýylda eneleriň ölümçiligi birden artdy. Gazagystanda 2020-nji ýylda ýogalan eneleriň 76.3%-ine göwrelilige dahylsyz saglyk meseleleri sebäp boldy (meselem, ýokançlyklar ýa-da süýji keseli ýaly ýokanç däl keseller). Soňky 10 ýylda bütin dünýäde göwrelilige dahylsyz saglyk meseleleri eneleriň ölümçiliginiň esasy sebäbine öwrülip, pandemiýa ýyllarynda her 4 enäniň biri bu sebäpden ýogaldy.

Merkezi Aziýada eneleriň ölümçiliginiň birden ýokarlanmagyna COVID-19 pandemiýasynyň sebäp bolan bolmagy mümkin, emma pandemiýanyň eneleriň ölümçiligine ýetiren täsiri babatda takyk netijeleri çykarmak üçin has köp wagt we maglumat zerur. Şeýle-de, sebitiň ýurtlarynyň umumy saglygy goraýyş çykdajylary bilen enelik ölümçilik görkezijisiniň arasynda baglanyşyk tapyldy.

Bu barlag sebitde saglyk maglumatlarynyň elýeterliliginde we ylmy barlaglary geçirmek üçin maglumat almakda kemçilikleri ýüze çykardy. Barlagyň netijelerinden ugur alynsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýerli häkimiýetleri saglyk maglumatlaryny elýeterleşdirmekde we saglygy goraýyş ulgamlaryny ilatyň saglygynda täze dörejek meseleler bilen göreşmäge taýýarlamakda goşmaça tagalla etmelidirler.

Çeşme