"MEDİÝADA MAÝYPLYK" BROŞÝURASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

mediyada mayyplyk brosyurasyGyrgyzystandaky BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Maýyplar jemgyýeti, Žurnalistler we BMG agentlikleriniň wekilleri bilen bilelikde "Mediýada maýyplyk" broşýurasyny taýýarlady.

Bu broşýuranyň çap edilmeginiň esasy maksady maýyplygyň mediýada şekillendirilişi barada mediýa işgärleriniň (žurnalistler, aragatnaşyk hünärmenleri, bloggerler we beýlekiler) habardarlygyny ýokarlandyrmakdyr. Bu broşýura maýyplyk düşünjesini aýdyňlaşdyrýar we onuň kabul edilişiniň dürli çemeleşmelerini görkezýär, okyjylara maýyplara adam hukuklaryna esaslanyp çemeleşmegi ündeýär we dürli mediýa çeşmelerinde maýyplygy görkezmegiň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrýar.

Broşýura giň köpçülige niýetlenenip, neşirýat jemgyýetiniň maýyplara bolan garaýşyny üýtgetmegi we hakyky inklýuziw jemgyýeti döretmegi maksat edinýär.

Çeşme