ŽURNALISTLER AÝAL-GYZLARA EDILÝÄN ZORLUK BARADA NÄDIP HABAR BERMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

zurnalistler nadip habar bermeliAýal-gyzlara garşy zorluk barada habar berýänlere 10 maslahat

1. Aýal-gyzlara garşy zorluk hakynda diňe zulumly hadysa bolup geçende habar berme. Dürli ýerlerde (edaralarda ýa köpçülik ýerlerinde) zulumly ýagdaýlaryň bolmasyna ýol açýan tejribeler ýa adalatsyz gender düzgünleri barmy? Olary derňe.

2. Jemgyýetçilik gurluşy ýa-da zuluma itekleýji sebäpler barada maglumat ber. Üstünde işleýän hadysaň umumy medeniýet, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagy barada nämeleri aýan edýär?

3. Diňe fiziki zulum, jynsy zorlama ýa-da alyp gaçmalar barada habar berme, eýsem zorlugyň beýleki görnüşleri barada hem maglumat ýygna.

4. Hadysany soňuna çenli yzarla. Wakany başdan-aýak habar ber. Bu zulumly wakanyň umumy aýal-gyzlara we jemgyýete ýetirýän täsiri barada hem maglumat çykar.

5. Takyk dil ulan. Zorlama ýa-da erjeşme "jynsy gatnaşyk" däl. Yzygiderli azar berme "aşyk-magşuklyk" däl. "Aýal adamyň söwdasy" teniňi satmak bilen garjaşdyrylmaly däl.

6. Habaryň soňunda kömek gözlemek isleýänler üçin zulumyň pidalaryna ýardam edýän hyzmatlaryň aragatnaşyk maglumatlaryny ýerleşdir.

7. Hasabatlaryň we sanlaryň asyl çeşmesiniň internetdäki salgysyny görkez. Eger internet salgysy ýok bolsa, ony nireden tapyp bolýandygyny aýt.

8. Dürli edaralaryň aýal-gyzlara edilýän zorluga garşy görýän çärelerini derňe. Pidalar kanun taýdan goralýarmy? Olar jenaýaty habar berenlerinde polisiýa olara nähili daraşýar? Pidalara ýardam berýän hyzmatlar nähili?

9. Gany, şikeslenmeleri ýa-da zalymlygy görkezýän umumy suratlary ulanma.

10. Çözgütlere esaslanýan žurnalistika eýer. Aýal-gyzlara garşy zorlugyň dürli görnüşleriniň öňüni almaga ýa-da gürrüňini etmäge niýetlenen programmalar we başlangyçlar barada habar ber. Zulumdan "goranmaga" ýa-da "şahsy gorag sapaklaryna" üns çekmek arkaly, aýal-gyzlara basyş edýän ýa jogapkärçilik çekdirýän programmalardan habardar bol.

Aýal-gyzlara garşy zorluk baradaky gürrüňdeşlikleri we garaýyşlary ugrukdyrmakda mediýa uly rol oýnaýar. Žurnalistler we habarçylar aýal-gyzlaryň sesleriniň eşidilmegine, hekaýalarynyň syzgyr beýan edilmegine we hukuklarynyň hem-de howpsuzlyklarynyň goralmagyna jogapkär bolup durýarlar. Türkmenistanda gender esasly zorlugyň endemikdigine garamazdan, bu barada yzygiderli habarlar ýa hasabatlar çykarylmaýar – bu bolsa jemgyýetimizdäki zorluk meselesine düşünmäge, ol barada gürrüň etmäge we oňa çäre gözlemäge böwet bolýar. Türkmen žurnalistleri hem aýal-gyzlara garşy zorluk barada habar berip başlarlar diýen umyt bilen, Saglyk redaksiýasy Mobilizing for rights associates (MRA) guramasy tarapyndan döredilen, mediýada zorluk barada habar bermekde oňyn tejribeleriň gysgaça beýanyny taýýarlady.

Aýal-gyzlara garşy zorluk näme?

Aýal-gyzlara garşy zorluk aýal-gyzlaryň fiziki, jynsy, psihologik we ykdysady zyýan ýa ejir çekmegine, şeýle hem süteme ýa-da delilsiz azatlykdan mahrum etmek ýaly howplara sebäp bolýan ýa-da şeýle netijelere eltjek hereketleri öz içine alýar.

Aýal-gyzlara garşy zorlukly wakalar barada habar bermek üçin:

↪ Zorlugyň pidasy bolanlar bilen, jemgyýetçilik guramalary, aklawçylar we degişli pudakdaky resmiler bilen gürrüňdeş bol.

↪ Özbaşdak onlaýn ýa-da oflaýn gözlegleri et.

↪ Bu ugurdan işleýän jemgyýetçilik guramalary we halkara guramalary sosial mediýada yzarla we olaryň çap edýän habarlarynydyr hasabatlaryny barlap dur.

↪ Eger bu meseläni gozgaýan ýa-da pidalar tarapyndan ýöredilýän sosial mediýa sahypalary bar bolsa, olara ýazyl we öz habarçydygyňy gizleme.

↪ Mowzuga degişli postlaryň aşagyndaky teswirleri okaman geçme, çünki teswirlerde-de ençeme wakalara we başdan geçirmelere duşmak bolýar.

↪ Şahsy tejribeleriňden we synlaryňdan peýdalan. Durmuşda aýal-gyzlara garşy zulumly hadysalar barada eşitmegiň ýa olara şaýat bolmagyň mümkin.

Sözleriň ähmiýeti

Habarçylaryň ulanýan sözleri diňleýjileriň/okyjylaryň habarlary nähili kabul etjekdigini kesgitleýär. Gynansakda, aýal-gyzlara garşy zorluk hakynda habar berlende zyýanly ýa-da ýazgaryjy dil kän ulanylýar. Habar beriş gulluklaryna hemişe häzirki halkara kadalara we ýörelgelere eýermek we ähli işgärleriň ulanyp biljek esasy adalgalaryny esewanlyk bilen saýlap seçmek maslahat berilýär.

↪ Pidanyň ýazgarylmagynyň öňüni almak üçin ol barada käbir jikme-jikleri habar bermekden gaça durmaly: daşky görnüşi, geýen egin-eşikleri, işleýän käri, saglyk ýagdaýy, alkogolyň, ýa neşe serişdeleriniň täsiriniň astyndadygy ýa däldigi, fiziki taýdan şikeslenmändigi, zorlanmadan soňra zorlaýjy bilen duşuşandygy ýa gürleşendigi, şeýle-de waka ýerliksiz bolup biljek wagt we ýer (meselem, hadysanyň bolup geçen köçesini ýa raýonyny aýtmak we "garaňky ýerde ýerleşýän baryň öňünde" ýaly jikme-jikleri äşgär etmezlik).

↪ Zorluga baş goşmakda aýyplanýan ýa-da güman edilýän adam barada juda zerur bolmasa aýdylmaly däl jikme-jikler: onuň alkogol ýa-da neşe serişdelerini kabul edýändigi, ruhy saglyk bozulmasynyň bardygy, pes maddy we durmuş ýagdaýy, iş ýagdaýy, pidany nä derejede söýýändigi we gabanjaňdygy, nä dereje ökünýändigi.

↪ Hadysa "maşgala dawasy" diýlip beýan edilse bu zulumly wakany şahsy maşgala meselesi ýaly edip görkezýär. Oňa derek "öýdäki zulum" ulanyp bolar.

↪ "Jynsy gatnaşyk" sözüni ulanmak pidanyň gatnaşyga razylyk berendigini ýaňzydýar, şonuň üçin "jynsy zorlama" ýa-da "zulum" diýlip alynmaly. Şeýle-de, pida zorluga sezewar bolandygyny "boýun alýar", "tassyklaýar" ýaly sözlere derek, ýalňyş düşünilmejek we açyk-aýdyň ediji sözler "habar berýär", "aýdýar", "nygtaýar" has ýerliklidir.

↪ "Ezilen aýal" ýaly, diňe fiziki zorluga üns çekýän suratlandyrmalardan gaça durup, "zorluga/zuluma sezewar bolan aýal" ýa-da "öýdäki zulumyň pidasy" ulanmaly.

↪ Zulumçyny hem aklajak sözleri ulanmagyň ýerine (meselem, namysyny goramak üçin edipdir) onuň eden hereketlerini bolşy ýaly beýan etmeli.

Pidalar bilen söhbetdeş bolmak

Zorluga we trawma her adam üýtgeşik reaksiýa görkezýär. Muny ýatda saklamak möhümdir. Zorlugy başyndan geçiren iki adamyň özüni alyp barşy birmeňzeş bolmaz. Žurnalistler trawmadan soňky stres bozulmasyndan (TSSB) we onuň alamatlaryndan hem habarly bolmalydyrlar. TSSB-dan ejir çekýänleriň zulumly wakany ýatladýan adamlardan we ýerlerden gaça durmagy, pikirleriniň we keýpleriniň ýaramazlaşmagy, wakanyň möhüm elementlerini ýatlamakda kynçylyk çekmegi we hatda özlerini günäli duýmaklary hem mümkin.

Razylyk al: Diňe bir söhbetdeşligi geçirmäne razylyk soraman, eýsem oňa jikme-jik nämelere razylyk berýändigini we razylyk bermezlige hem doly haklydygyny düşündir.

Maksadyny düşündir: Oňa birahat ediji soraglary bermeli bolanyňda bu maglumatlaryň näme üçin zerurdygyny düşündir. Meselem, okyjylar munuň üsti bilen zulumyň adama edýän täsirine düşünip bilerler.

Gizlinligi gora: Pidalaryň kimliginiň we şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün et. Habaryňda pidanyň kimdigini gytaklaýyn hem aýan edip biljek maglumatlary ulanmakdan gaça dur.

Suratlara gezek gelende: Pidanyň, jenaýatkäriň ýa olaryň çagalarynyň suratlarynydyr wideolaryny, şeýle-de internetdäki zulum edilen aýallaryň suratlaryny ulanma. Oňa derek, aýal-gyzlara garşy zorluk hakynda çykyş edýän edaralaryň suratlaryny hem-de meselä degişli infografikalary we statistikalary ulan.

Zorlugy habar bermegiň ahlak kadalary

Habarçylar tankytlamakdan we diskriminirlemekden saklanmalydyrlar. Pidany aýyplaýjy sözleri ulanmakdan gaça dur. Faktlaryň dogrudygyna göz ýetir we olary takyk, çişirmän, ýoýman we gönümel dilde beýan et. Pidalara hormat we duýgudaşlyk bilen çemeleş. Olaryň gizlinlik hukuklaryna hormat goý. Ygtybarly çeşmelerden peýdalan.

Maglumatyň doly görnüşi iňlis dilinde