GYRGYZYSTANDA AÝALLARA GARŞY ZORLUGA ÇÄRE BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gyrgyzystanda ayallara garsy zorlukSentýabrda bir adam öňki aýalyny zorlany üçin gözegçilikde saklanylýan döwründekä, öňki aýalynyň burnuny we gulaklaryny kesdi. Jenaýatçy indi türmede, ýöne pida jenaýatçynyň öňden türmä salynmandygy üçin gynanýar we gaharlanýar. Ozal aýalyna haýbat atanlygy, zorlanlygy we zalym daraşanlygy üçin jenaýatça diňe tussaglykdan şertli boşadylmak hökümi berlipdi.

"Näme üçin Gyrgyzystanda aýallara garşy edilýän zorluklar diňe kimdir biri ejir çekeninden, öleninden ýa-da ömürlik maýyp bolanyndan soň çözülýär? Kazyýet ulgamynyň işleýäni bir çynmy? Näme üçin biz žurnalistlerden we jemgyýetden gorag gözlemeli?" – diýip, pida bolan aýal soraýar.

Bu Gyrgyzystanda femisid (aýallaryň öldürilmegi) we aýallara garşy zorluk ýaly wakalaryň diňe birjigidir. Aktiwistler jemgyýetiň biperwaýlygynyň meseläni has erbetleşdirýändigini aýdýarlar. "Gyrgyzystanda femisid" atly taslamanyň aktiwistleri 2008-2020-nji ýyllar aralygynda adamsy, söýgülisi ýa-da öňki ýoldaşy tarapyndan azyndan 300 aýalyň öldürilendigini anykladylar. Wakalaryň 70%-inde ganhor jenaýaty gizlemek üçin jesedi ýok etmäge synanyşypdyr.

Içeri işler ministrligine görä, 2023-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda 8.512 sany öýdäki zorluk hadysasy resmi taýdan hasaba alyndy. Olaryň diňe 2%-ine kazyýet işinde garaldy. 2022-nji ýylda hasaba alnan 6.580 sany öýdäki zorlugyň diňe 2.709-sine kazyýetde garaldy.

Ýurist we jemgyýetçilik aktiwisti Nurbek Toktakunow: "Mesele kanuny esaslarda däl-de, adamlaryň garaýşyndadyr. Biz hukuk goraýjylaryň geleňsizligi üçin jogapkärçilige çekilmegi boýunça käbir kadalary döretmeli" – diýip nygtaýar. Öýdäki zorluk hadysasyna aýal öldürilýänçä ýerlikli çäre görmedik polisiýa işgärleri işden boşadylsa-da, waka barada gürrüňler ýatyşansoň ýene öňki wezipelerine işe alyndylar.

Çeşme