KÖPÜMIZE SAGLYK GARYPLYGYNA DÜŞMEK HOWPY ABANÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

saglyk garyplygySaglyk garyplygy adaty garyplykdan has giň ýaýbaňlanandyr. Policy Wisdom LLC jemgyýetçilik saglygy boýunça maslahat beriji kompaniýanyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Ana Rita Gonzaleze görä, saglyk garyplygy –  bu adamyň saglygyny gowulandyrmak üçin anyklaýyş barlaglaryna, degişli bejergilere we beýleki hyzmatlara elýeterliliginiň bolmazlygydyr.

Statistika: BSGG görä, global saglyk çykdajylarynyň 35%-den gowragyny adamlar şahsy  serişdelerinden tölemeli bolýarlar. Bu her ýyl 100 million adamy aşa garyplyga iterýär.

Käbir çözgütler:

↪ Saglyk ulgamlary keseliň öňüni almak we ýerlikli bejergileri bermek üçin zerur serişdeleri anyk görkezmeli we adamlar bu mesele boýunça hökümetleri jogapkär tutmaly.

↪ Saglyk ätiýaçlandyryş kompaniýalary, şeýle hem jemgyýetçilik saglyk ulgamlary keseliň öňüni alyş hyzmatlaryny we bejergilerini hem öz içine almaly we saglyk hyzmatyny berijilere hyzmatyň öwezini jaýdar tölemeli.

↪ Pasiýentler özlerine zerur bolan saglyk hyzmatlaryny sowgat hökmünde kabul etmän, eýsem olary öz hukuklary hökmünde talap etmeli we munuň üçin hökümetleri jogapkär tutmaly.

"Saglyk garyplygy we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýetersizligi meselesini çözýänçäk, ähli ilatyň bütinleý sagdyn boljak dünýäsini görüp bilmeris" – diýip, Gonzalez nygtaýar.

Çeşme