TÜRKMENÇE ÝAZGYLARY SESE GEÇIRÝÄN ILKINJI PROGRAMMA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dunya20-nji noýabrda Birleşen milletler guramasynyň Türkmenistandaky çagalar gaznasy (ÝUNISEF) görüş ukyby pes çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen türkmençe ýazgylary sese geçirýän sanly ses programmasyny ulanyşa çykardy.

ÝUNISEF programmany Türkmenistanyň Bilim ministrligi, kömekçi tehnologiýa boýunça iş alyp barýan ATScale global hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti hem-de okamak we ýazmak maýyplygy bolanlar üçin ýazgylary sese geçirýän Louder Pages guramasy bilen hyzmatdaşlykda döretdi.

"Dünýä" diýlip atlandyrylýan bu programma mugt bolup, Windows we Android ulgamlarynda işleýär. Şeýle-de ony JAWS we NVDA ýaly ekran okyjylara (ekrandaky ýazgylary we beýleki kontenleri sese ýa-da braýl elipbiýine geçirýän kömekçi tehnologiýa) goşup bolýar. Türkmen ýazgylaryny sese geçirýän bu programma üpjünçiligi görüşi pes adamlara elektron kitaplary okamaga, aragatnaşyk programmalaryndan peýdalanmaga, ýazgy faýllaryndan ses ýazgylaryny döretmäge we elektron enjamlarynda ençeme adaty ýumuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Sen bu programmany ulanyp gördüňmi ýa ulanýan adam tanaýarsyňmy? Synlaryňy okyjylar bilen paýlaş.

Çeşme