GÜNDOGAR ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA SEBITINDE AIW BILEN ÝAŞAÝANLARYŇ DISKRIMINASIÝASY ÝOKARY BOLUP GALÝAR

1 1 1 1 1

AIDS day1-nji dekabr: AIDS keseline garşy göreşmegiň halkara güni.

Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA) sebitinde jemgyýetçilik saglygyny we hukuklaryny öňe sürmekde iş alyp barýan AFEW International guramasynyň maý aýynda çykaran hasabaty GÝMA sebitinde AIW bilen ýaşaýan aýallaryň ýüzbe-ýüz bolýan diskriminasiýasyny we utanjyny ölçeýär.

AIW bilen baglanyşykly utanç duýgusy daşky ýa-da içki utanç görnüşinde kabul edilýär. Daşky utanç duýgusyna AIW bilen ýaşaýan adamlar barada negatiw pikir edýän köpçülik sebäp bolýar. AIW bilen ýaşaýan adamyň öz-özüne bolan negatiw garaýyşlary bolsa, içki utanja alyp barýar.

GÝMA sebitinde AIW bilen baglanyşykly utanç we diskriminasiýa ýokary derejelerde bolmagyna galýar. Meselem, Gazagystanda we Gyrgyzystanda ýaşaýjylaryň 70%-i AIW bilen ýaşaýan adamlar hakynda diskriminirleýji pikirleri göterýärler. Ýakyn adamlary olary kemsidýärler we olara psihologik, maddy ýa-da fiziki taýdan azar berýärler. 2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda hem 15-49 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlaryň 75-100%-i AIW göteriji satyjydan gök-önüm almajakdygyny aýdypdyr. Ukrainada AIW bilen ýaşaýanlaryň 17%-i, Russiýada we Gyrgyzystanda bolsa 25%-i lukmançylyk işgärleriniň dürli ýollar bilen diskriminirlemesine we kemsitmesine sezewar bolupdyr:

↪ Gödek we ters pikirli çemeleşme;

↪ Razyçylyksyz AIW barlagyny geçirme;

↪ Hyzmat bermekden ýüz dönderme.

Sebitde AIW bilen ýaşaýan adamlaryň 81%-91%-i özleriniň AIW statusyny gizlin saklaýarlar. Olaryň ýarysy bolsa, AIW sebäpli günä we utanç duýgularyndan ejir çekýärler. Içki utanç duýgusyny erkeklere garanda aýallar has köp başdan geçirýärler.

Utanç we diskriminasiýa AIW bilen ýaşaýan adamlaryň özüne bolan ynamyny peseldýär we ruhy saglygyna zeper ýetirip, depressiýa, günälilik, peýdasyzlyk duýgusyna, köpçülikden çetleşmä we hatda janyňa kast etmek islegine çenli eltip bilýär.

Maslahatlar

Awtorlar AIW bilen ýaşaýan aýallaryň diskriminasiýasyna garşy göreşmek üçin sebitiň ähli ýurtlaryna birnäçe maslahat berýärler:

↪ Saglygy goraýyş edaralarynda kemsitmeleri we diskriminasiýany azaltmaly;

↪ AIW bilen ýaşaýanlaryň hukuklarynyň goralmagyny gazanmaly;

↪ AIW bilen ýaşaýanlaryň arasynda içki utanjy azaltmaly;

↪ Umumy ilatda AIW bilen ýaşaýanlara garşy diskriminasiýany azaltmaly.