SEBITIMIZDE WE TÜRKMENISTANDA MAÝYPLYGY BOLAN ÇAGALARYŇ INKLÝUZIÝASYNA BÖWETLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cagalaryn inklyuziyasyna bowetlerÝewropada we Merkezi Aziýada ~11 million çaga maýyplygyň haýsydyr bir görnüşi bilen ýaşaýar. Dünýädäki her çaga ýaly, maýyplygy bolan çagalaryň hem her biriniň ýerlikli ideg we bilim bilen terbiýelenmäge we goldanylmaga, ýeterlikiýmitlenmäge, sosial goraglylyga, oýnamakdan we dynç almakdan lezzet almaga hukugy bardyr. Emma, bu hukuklar köplenç ret edilýär. Onuň sebäplerine stigma, hyzmatlaryň elýetersizligi, fiziki päsgelçilikler we beýlekiler degişlidir. 2023-nji ýylyň noýabrynda ÝUNISEF-iň çap eden "Ýewropada we Merkezi Aziýada maýyplygy bolan çagalar: Olaryň abadançylygyna statistiki syn" atly hasabaty sebitimizdäki 9 ýurtda (Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Belarussiýa, Serbiýa, Kosowa, Demirgazyk Makedoniýa, Çernogoriýa) maýyplygy bolan çagalaryň aýratynlyklary we hal-ýagdaýy barada maglumatlar berýär. 

Bu dokuz ýurduň içinde:

↪ 2-17 ýaş aralygyndaky maýyplygy bolan çagalaryň sanyTürkmenistanda iň az (2%) weÖzbegistanda iň köp (16%).

↪ Maýyplygy bolan çagalaryň aglabasynyň diňebir ukypýa işjeňlik boýunça maýyplygy bar.

↪ Psihososial kynçylyklar, esasanhemynjalyksyzlyk çagalaryň agramly bölegine täsir edýär.

↪ Türkmenistanda we Serbiýada maýyplygy bolan çagalaryň beýleki çagalara seredeniňde irki ösüşi berkidiji aragatnaşyklary kabul etme we ýerlikliideg alma, iki ýa-da ondan köp oýnawajy bolmaähtimallygy pes.

↪ Türkmenistanda bir ýa-da birnäçe maýyplygy bolan2-14 ýaşaralygyndaky çagalaryň 65%-i soňky aýda ideg berijileriň haýsydyr bir psihologik agressiýasyny başdan geçiripdir.

↪ Türkmenistanda başlangyç okuwýaşyndaky(5-11 ýaş) maýyplygy bolan çagalaryň 5%-i başlangyç ýa-da has ýokary mekdebe gatnamaýar. 11-16 ýaş aralygyndakylaryň 8%-i başlangyç, orta ýa-da ýokary mekdeplerde okamaýarlar.

↪ 10-17 ýaş aralygyndaky hiç wagtmekdebe gatnamadyk maýyplygy bolan çagalaryň sanynyň iň köp ýurdy Türkmenistan we Çernogoriýa (iki ýurtdahem 7%).

↪ Türkmenistanda maýyplygy bolan çagalaryňokamak ukybymaýyplygy ýok çağalara garanyňda ep-esli pes.

Ýurtlaryň köpüsinde maýyplygy bolan we bolmadyk çağalar üçin saglyk ätiýaçlandyryşynda düýpli tapawut ýok. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda maýyplygy bolan çagalaryň ätiýaçlandyrma bilen üpjün edilme ähtimallygy has ýokary. Bu çagalar jemgyýetden çetleşdirilende, olaryň ýaşamaga we gülläp ösmäge, ýagty geljege bolan mümkinçilikleri azalýar.

Bu çagalaryň inklýuziýasyny gazandyrjak hereketler

Maýyplygy bolan çagalaryň ählisi ösmek üçin dürli mümkinçilikleriň berilmegine mynasyp. Ony durmuşa geçirmek üçinhökümetler maýyplygy bolan çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň zerurlyklarynyň ähli görnüşini göz öňünde tutup,maýyplygy bolanlar ýa-da maýyplygy bolanlaryň birleşikleri bilen hyzmatdaşlyk etmelidirler:

↪ Ähli sosial hyzmatlar we gurşawlarinklýuziwwe elýeterli bolmaly.

↪ Bilim bermek inklýuziwwe elýeterlibolmaly.

↪ Maýyplygy bolançağalar çaga dogluşyny hasaba aldyrmakdan we maşgala goldawyndan peýdalanyp bil

↪ Maýyplygy bolançağalar zorlukdan, sütemden we äsgermezlikden goralmaly.

↪ Bu çagalarapsihososial goldawelýeterli edilmeli.

↪ Bu çağalarawe olaryň maşgalalaryna garşy stigmalarwe diskriminasiýa ýok edilmeli we olaryň sesleriniňeşidilmegi üçin mümkinçilik döredilmeli.

↪ Maýyplygy bolançağalar we olaryň maşgalalary jaýdarsosial gorag bilen üpjün edilmeli.

↪ Olaryň ene-atalarynawe ideg berijilerinegoldaw 

↪ Ygtybarly, giňişleýin we degişlimaglumatlar yzygiderli döredilmeli.

Bu üýtgeşmeleriň bir bölegi maýyplygy bolan çagalary sylamagy we dürlülikleriň ähli görnüşini kabul etmegi öz içine alar. Muny etmäge häzirden başlamaly. Maýyplygy bolan çagalara üns berlende we olar jemgyýete goşulanda inklýuziýa hakykata öwrülip başlaýar. Bu ädimler ähli gyzyklanýan taraplaryň umumy jogapkärçiligini we ähli çagalaryň, şol sanda maýyplygy bolan çagalaryň doly potensiallaryny ele almagy üçin bilelikde işleşmegi öz içine alýar.