INÇEKESELE GARŞY GÖREŞDE TÜRKMENISDAN GLOBAL GAZNANYŇ GOLDAWYNDAN ÇYKMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

incekesele garsy goresTürkmenistanda derman serişdelerine durnukly inçekeseliň ýaýgyndygy sebäpli ýurt BSGG-nyň Ýewropa sebitinde inçekesel hadysalarynyň iň agdyklyk edýän ýurtlarynyň hataryna girýär. Türkmenistanda 2015-2020 ýyllar aralygynda inçekesel hadysalarynyň möçberini 20% azaldy, emma ölümçilik derejesi has haýal peselip, 2015-nji ýylda her 100 müň ilatda 12 adamdan 2019-njy ýylda her 100 müň ilatda 10 adama düşdi.

2018-nji ýylda täze inçekesel hadysalarynyň 23%-i we öňki bejerilen hadysalaryň 54%-i rifampisin dermanyna ýa-da köpsanly dermanlara durnukly (RR/MDR-TB) bolup çykdy. Bu 2013-nji ýylyň görkezijilerinden has ýokarydyr (degişlilikde 13.9% we 37.6%). 2018-nji ýylda ftorhinolon dermanlaryna (FQ) durnuklylyk hem giňden ýaýrapdy (31%). 2016-njy ýylda MDR-TB näsaglaryň diňe 54%-inde bejergi üstünlikli geçdi (sebit boýunça ortaça 57%).

Soňky ýyllarda öň Global gazna tarapyndan maliýeleşdirilen inçekesele garşy göreş çäreleriniň köpüsini hökümet öz üstüne alýar. 2017-nji ýyldan bäri dermanlara durnukly inçekesel üçin derman üpjünçiligine zerurlyklary 100% hökümet ödeýär. 2019-njy ýyldan başlap dermanlara durnukly inçekesel üçin ikinji hatardaky derman serişdelerini we reagentleri hem hökümet maliýeleşdirýär. Giňişleýin derman serişdelerine durnukly inçekesel (XDR-TB) bilen göreşmek boýunça çylşyrymly we gymmat çäreler heniz hem Global gazna tarapyndan maliýeleşdirilýär. Emma, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistan ýurtda inçekesel hadysalaryny azaltmagy we keseliň ähli görnüşleriniň diagnozyny we bejergisini hemmelere elýeterli etmegi hem-de Global gaznadan goldaw almagy bes etmegi maksat edinýär. 2025-nji ýyla çenli ýetilmeli maksatlar:

↪ Inçekesel ölümlerini (türmeler hem degişli) 100,000 ilatda 5.2 adama peseltmek;

↪ Inçekesel hadysalaryny (türmeler hem degişli): 100,000 ilatda 35,5 adama peseltmek;

↪ MDR-TB bejergisiniň doly geçirilmegi: 90%;

↪ MDR-TB bejergisiniň üstünlikli geçirilmegi: 70%.

Global gaznanyň beren goşmaça maliýe kömegi Türkmenistana 2025-nji ýyla çenli inçekeseliň üstünlikli öňüni alyşda we bejerişinde doly özbaşdaklyk gazanmaga kömek eder.

UNDP Türkmenistan