BSGG ÝOKANÇ DÄL KESELLERIŇ AMATLY ÇÄRELERINI ÝOLA GOÝMAGA ÇAGYRÝAR
Ýürek-damar keselleri, insult, rak we süýjülik ýaly ýokanç däl keseller dünýäniň ýurtlarynyň aglabasynda adam ölümleriniň sebäpleriniň başyny çekýär. Eger aýgytly çäreler görülmese, indiki on ýylyň içinde 150 million adam ýokanç däl kesellerden ýogalar. Munuň ykdysady ýüki hem örän agyr bolup, diňe 2022-nji ýylyň özünde dünýäde 9.8 trillion ABŞ dollary ýokanç däl keselleriň bejergisine harçlanyldy. Bu global krisiz esasan-da pes we orta-girdejili ýurtlara agram salýar – ol ýurtlarda her 10 adamyň 8 sanysy ýokanç däl keseller sebäpli wagtyndan ir ölýärler.
Türkmenistanda
Ýokanç däl keseller Türkmenistanda adam ölümleriniň 70% töwereginiň esasyny düzýär. Ýurtda bu keseller sebäpli wagtyndan ir ölme ähtimallygy 26.9%. Türkmenistanyň ilaty nädogry iýmitlenme endikleri we ýeterliksiz fiziki hereketlilik zerarly dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 2018-nji ýylda ýurduň ilatynyň ortaça günlük kabul edýän duzunyň möçberi 9.6g diýlip hasaba alynýar – bu bolsa BSGG-nyň maslahat berýän möçberinden tas iki esse artykdyr. Şeýle-de, köp iýmitlerdäki ýokumsyz ýagyň möçberi hem maslahat berilýäninden 8 essä çenli artyk. Şol sanda, çagalaryň şekerli içgileri örän köp kabul edýändikleri barada-da duýduryş berilýär. Netijede, 2020-nji ýylyň hasabatyna görä, ilatyň ýarysy semizlikden, her 7 adamdan biri hem aşa semizlikden ejir çekýär.
Çäreler
Ýokanç däl kesellere garşy göreşmek maksady bilen, 2011-nji ýylda BSGG agza ýurtlary üçin maslahatlar sanawyny çap etdi. Bu sanaw 2023-nji ýylda täzelendi we agza ýurtlar tarapyndan kabul edildi. Sanaw ylmy barlaglara esaslanýan, maddy taýdan elýeter, ýönekeý ädimlerden düzlüp, her ýurduň ýokanç däl kesellere garşy milli maksatnamasynda esasy orny eýelemelidir.
↪ Temmäkä, alkogola we şekerli içgilere salgyt salmak.
↪ Saglygy goraýyş ulgamynyň keselleriň öňüni alyş, irgözin anyklaýyş we bejeriş bölümlerini kuwwatlandyrmak.
↪ Çagalary zyýanly mahabatlardan goramak.
↪ Esasy dermanlaryň we tehnologiýalaryň ilata elýeterliligini gazanmak.
↪ Aýgytly maksatlary düzmek we berk jogapkärçilik bilen progrese gözegçilik etmek.
↪ Saglygy goraýyş syýasatyna industriýalaryň (meselem, temmäki industriýasy) täsir etmeginiň öňüni almak.
Her ýylda adam başyna 3 dollar maýa goýum goýmak arkaly, 2030-njy ýyla çenli dünýäde:
↪ 12 million adamy ölümden halas edip bileris,
↪ 28 million sany infarkt we beýnä gan inme hadysalarynyň öňüni alyp bolar,
↪ dünýä ilatynyň ömürlerine 150 milliondan köp sagdyn ýyllar goşular,
↪ 1 trillion dollara barabar ykdysady peýda gazanylar.
BSGG-nyň sanawyndaky maslahatlar ýurtlara maddy taýdan agram salmajak çäreleri öz içine alýar. Bu çäreler keselleriň töwekgellik faktorlaryna garşy göreşmäge, saglyga zyýansyz gurşawlary döretmäge, ir anyklaýşy we bejergini elýeter etmäge üns çekýär. Sanawyň uly aýratynlygy hem onuň maýyşgaklygydyr, ýagny her ýurt olary öz milli maksatnamalaryna iň laýyk gelýänlerinden başlap, bölek-bölekden durmuşa geçirip biler.
- 30 gezek okalan