DÜNÝÄDE ÝOL HELÄKÇILIKLERI AZALDY, ÝÖNE ADAMLARY ÖLÜMDEN GORAÝAN ÇÄRELER BERKIDILMELI

1 1 1 1 1

dunyade yol helakcilikleri2021-2025 ýyllar aralygynda dünýäniň ýollaryna bir milliarddan gowrak awtoulag goşuldy. Muňa garamazdan, şol ýyllar arasynda dünýäde ýol heläkçiliklerinden ölýänler 21% azaldy.

Bu döwürde dünýä ýol hereketinde ägirt üýtgeşmeler bolup geçdi. Bir ýandan transportyň täze görnüşleri dörese, beýleki ýandan motosikl ulanyjylaryň sany birden ýokarlandy. 2021-nji ýyla çenli 10 ýurt ýol heläkçilikleriniň ölümlerini 50% azaltmagy başardy. Şol döwürde ýurtlaryň ýarysyndan köpüsi ýol heläkçilikleriň umuman azalandygyny habar berdi. Şonda hem öňegidişlik ähli ýerde deň däl. Ýewropa sebitinde ýol ölümleri 36% azalan bolsa, bu görkeziji Günbatar Ýuwaş ummany sebitinde 15%, Günorta-gündogar Aziýa sebitinde bolsa diňe 2% boldy. Amerikalarda welin üýtgeşme hasaba alynman, Afrika sebitinde ölümler 17% artdy.

Ýol heläkçilikleri 2025-nji ýylda bütin dünýäde 1.16 million adamyň ömür tanapyny kesdi. Ýol heläkçilikleriniň salýan şikesleri çagalaryň we 5-29 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda ölümiň esasy sebäbi bolup galýar.

Iýulda dünýä liderleriniň kabul eden BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýol howpsuzlygynyň progresi baradaky jarnamasy 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýol ölümlerini we ýaramaz şikeslerini 2021-nji ýyldakydan 50% azaltmagy maksat edinýär.

“Haçanda ýurtlar howpsuz ýol ulgamlaryna maýa goýum goýanlarynda özgerişligiň mümkindigini sanlar görkezýär. Awtoulaglaryň aşa köpelmesine we adamlaryň hereket edişinde üýtgeşmeleriň ýüze çykmasyna garamazdan, biz soňky 15 ýylda ýol heläkçiliklerini azaltmakda saldamly ösüş gazandyk. Ýol ölümleriniň ählisiniň öňüni alyp bolýar we olaryň hiç biri kabul edilmeli däldir” diýip, BSGG-nyň baş müdiri belleýär.

Täze BMG jarnamasynda onuň agza ýurtlary anyk maksatlary, möhletleri we býujetleri öz içine alýan milli ýol howpsuzlygy meýilnamalary kabul etmegi wada berdiler. Bu borçnamada göz öňünde tutulýan esasy maksatlar:

↪ Ýol howpsuzlygy gulluklaryny gurnamak;

↪ Maglumat ýygnamagy we derňemegi gowulandyrmak;

↪ Has berk kanunlary kabul etmek we güýje girizmek;

↪ Ýollaryň, infrastrukturanyň we ulaglaryň baş howpsuzlyk standartlaryna laýyklygyny gazanmak.

Jarnamany kabul eden ýurtlar subut edilen “howpsuz ulgam” çemeleşmesini ulanarlar. Bu çemeleşme adamlaryň ýolda hemişe ýalňyşlyk goýberjekdigini göz öňünde tutýan howpsuz köçeleri, infrastrukturany, ulaglary we tizlik düzgünlerinidir kanunlary döretmegi öňe sürýär. Şeýle-de, jarnama muny gazanmakda hökümetleri ýolbaşçylyk üpjün etmäge we hususy pudagy ýol howpsuzlygyny ileri tutmaga çagyryp, ösüşe ýetmekde raýat jemgyýetleriniň, akademiýanyň, ýaşlaryň ynsanperwer guramalarynyň we BMG-nyň rolunyň ähmiýetlidigini ýatladýar.

Has howpsuz gelejek üçin has howpsuz ýollar

Indi dünýäniň ilatynyň 60% töweregi şäher ýerlerinde ýaşaýar. Bu transporta bolan talaby barha artdyryp, esasan şahsy awtoulaglar üçin gurnalan transport ulgamlaryny howsala salýar.

Smartfonlaryň üsti bilen çagyrylýan taksileriň we dostawka priloženiýeleriniň köpelmegi ýollardaky motosiklleriň 2011-2025 ýyllar arasynda üç esseden hem köp artmagyna getirdi. Indi dünýäniň ýol heläkçilikleriniň üçden birini motosikl sürüjileri düzýär. Howpsuz motosikl kaskasyny geýmek ýol heläkçiliginde ölüm töwekgelçiligini 6 esseden hem köp peseldýär.

E-skuterler, e-tigirler we sürüjisiz awtoulaglar ýaly täze ulag görnüşleri transport meýilnamasyny düzýänler we kanun çykaryjylar üçin täze mümkinçilikleri, şol sanda hem kynçylyklary hödürleýärler. “Ýol heläkçiliginden ölýän adamlaryň ýarysyndan köpüsi awtoulagyň içindäkiler däl – olar ýa-ha pyýadalar ýa-da tigir we motosikl sürüjiler. Haçanda ýollar diňe awtoulag sürüjileri üçin gurnalan bolsa, ýoly ulanmaly bolýan başga adamlar örän howply ýagdaýda galýarlar. Biz nämäniň netije berýändigini bilýäris – güýçli kanunlar we olary durmuşa geçirmek, howpsuz infrastruktura, tizligi peseltmek we düzgüni bozýan sürüjilere berk çäre görmek” diýip, BSGG-dan Dr. Etienne Krug ýatladýar.