DIL ÝARMAK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dil yarmak"Meniň Alýaskada önüp-ösen döwürlerimde hiç kim jynsy gatnaşyklar ýa-da geýler barada agzamaýardy. Maşgalamdakylar hem meniň geýdigimi bilseler-de, bu barada hiç haçan gürlemeýärdiler. Ýerli amerikan köpçüligi AIW/AIDS keselleriniň geýleriň keselidigine ynanýardylar. Bu keselleriň täsiri özlerine ýetmänsoň, olar hiç zat etmeli hem bolmaýardylar" diýip, Alýaskadaky Tlingit taýpasynyň agzasy Bill Hall gürrüň berýär.

1986-njy ýylda AIW barlagy pozitiw çykan Hall şuňa göz ýetirýär: ýerli amerikanlaryň ýaşaýan ýerlerinde AIW hyzmatlarynyň örän ýaramazdygynyň sebäbi hem ýerliler bu barada dil ýarmaýan ekeni.

Muňa düşüneninden soňra, Hall köpçülikde gürlemek gorkusyny ýeňip geçýär we ABŞ-nyň Seattle sebitindäki ýerli amerikan köpçüliklerinde AIW-pozitiw adamlaryň hukuklary ugrunda göreşmäge başlaýar.