BILELIKDE SADGYN WE SOWATLY JEMGYÝETI GURALYŇ!

Saglyk Maliýeleşdiriş Kampaniýasy, Dekabr 1-31, 2019

Donate 2020 tkm

Mähriban joramyz we dostumyz,

Biz seni Saglyk.org saýtynyň işlerine goldaw bermäge çagyrýarys. Biz her ýyl Türkmenistanyň ilatyna möhüm bolan meseleler barada 150 blog çap edýäris. Olar makalalary, düşündiriş işlerini, sungat we çeperçilik işlerini, faktlary, analizleri, we şahsy pikirleri öz içine alýar. Saglyk.org türkmen dilinde saglyk meselelerine hemmetaraplaýyn çemeleşýän mugt we jemgyýetçilik çeşmesidir. Her bir adam websaýta girip, möhüm saglyk maglumatlaryny türkmen dilinde tölegsiz we mahabatsyz tapyp bilýär.

Ýokary hilli iş döretmek üçin – terjimeçilik, ýazuw, ösdüriş, ylmy-barlag, we redaktirlik prosesleri uzak wagt talap edýär. Bu işler öz jemgyýetiniň aladasyny edýän adamlaryň dowamly zähmeti bilen döredilýär. Biz olara bahasyna ýetip bolmajak yhlaslary üçin tölemäge çalyşýarys. Sen hem Türkmenistanda saglyk sowatlylygyna berkitmekde bize goşul!

Bu baýramçylyk möwsüminde Saglyga maliýe kömegiňi bermek arkaly işlerimize goldawyňy görkezmegi haýyş edýäris.

Her bir goşandyň ähmiýeti uludyr! Goldawyň üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýäris. Saglykda görşeli!

KÖP SORALÝAN SORAGLAR

Men Saglygyň çykarýan işlerini nireden tapyp bilerin?

Biz ähli işlerimizi Saglyk.org saýtynda çap edýäris. Saglyk girdeji maksatly başlangyç däldir. Biziň ähli işlerimiz köpçülige elýeter edilýär. Senden goşant goşmagyňy haýyş edýäris.