BIZIŇ ÝURDUMYZDA ALSGEÝMER KESELINE ÝOLUGAN BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (14 Ses)

 

Salam, gadyrly okyjymyz! Saýtymyzdaky makalalara gyzyklanma bildirmegiňiz bizi örän begendirýär. Dogrudan-da, daşary ýurtlarda Alsgeýmeriň keseli giňden öwrenilýär. Alsgeýmeriň keseli diňe ösen ýurtlara mahsus däldir. Bu kesele islendik ýurtdaky adamlar ýolugyp bilýärler.Türkmen dilinde çap edilen lukmançylyk edebiýatynda bu kesel Alsgeýmeriň keseli ady bilen bellidir. Ýöne biziň ýurdumyzda bu keseliň anyk statistikasy ýok. Sebäbi näsagyň hossarlary, gynansak-da, köp ýagdaýlarda lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmaýarlar. Olar Alsgeýmeriň keselini haýsydyr başga bir keseliň alamatlary bilen çalşyp, näsag bu kesele uçrandyr hem öýtmeýärler. Alsgeýmer keseliniň alamatlarynyň dürli-dürlüdigi sebäpli, bu kesel köplenç başga kesel kesgidi bilen görkezilýär. Siziň haýyşyňyz boýunça Alsgeýmeriň keseli barada giňişleýin maglumty dykgatyňyza hödürleýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

ALSGEÝMERIŇ KESELI

Keseliň taryhy

Alsgeýmeriň keseli – kelle beýnisiniň öýjükleriniň ölmegi netijesinde ýatkeşligiň, aňlaýyş ukybynyň we beýleki kognitiw funksiýalaryň agyr bozulmalaryna şeýle hem emosional we özüňi alyp barmak ukyplylygynda düypli özgermeleriň döremegine getirýän kesel.

Alsgeýmeriň keseli ylma XIX asyrda belli bolýar. Şol wagt kelle beýnisiniň damarlarynyň şikeslenmesi garrylyk kemakyllygynyň (demensiýa) esasy sebäbi hasaplanylýardy. Emma XX asyryň başlarynda nemes alymy Alois Alsgeýmer kemakyllykdan ejir çekip ýogalan näsag aýalyň kelle beýnisini barlaýar. Barlagyň netijeleri barada ýazanda, alym beýnide aýratyn nerw süýümleriniň birleşmesinden ybarat köpsanly ýasmajyklaryň  bardygyny belleýär. Alsgeýmer şol döwrüň görnükli alymy, kelle beýnisiniň çal maddasy baradaky alty tomluk ylmy işiň awtorlarynyň biridi. Ilkibaşda Alsgeýmer garrylyk çagynyň irki döwürlerinde ýüze çykýan kemakyllylygy häsiýetlendirendir öýdýärdi. Yöne 1911-nji ýylda ol öz pikirini üýtgedip, bu keseli garrylyk kemakyllygyň adaty bolmadyk görnüşi hasaplaýar.

Şondan soň Alsgeýmeriň üns beren alamatlary kemakyllykdan ejir çeken näsaglaryň köpüsinde autopsiýa (dirilikde beýni dokumasyny öwrenmek) arkaly ýüze çykaryldy. Lukmanlar we alymlar demensiýanyň bu görnüşini öwrenip, ony Alsgeýmeriň keseli diýip atlandyrdylar.

Häzirki güne çenli Alsgeýmeriň keseli alymlar we lukmanlar tarapyndan doly öwrenilmedikdir. Emma muňa garamazdan, alymlaryň köpüsi Alsgeýmeriň keseli amiloid belogynyň gurluşynyň üýtgemegi we soňra onuň kelle beýnisiniň dokumasynda ýygnanmagy sebäpli döreýändir diýen pikire ýykgyn edýärler. Belok birikmeleri neýronlaryň içinde we töwereginde durnukly emele gelmeleri düzüp, olary öldürýärler. Nerw öýjükleriniň we olaryň arasyndaky arabaglanyşyklaryň derejesi peselende, beýni adaty işini ýerine ýetirmek ukybyny ýitirýär. Bu bolsa adamyň özüni alyp barşyna, onuň umumy ýagdaýyna hökman öz täsirini ýetirýär. Hut şol döwürden başlap Alsgeýmeriň keseliniň göz-görtele alamatlary ýüze çykýar.

Alsgeýmeriň keseliniň statistikasy

Biziň günlerimizde Alsgeýmeriň keseli garrylyk kemakyllygynyň iň giň ýaýran sebäpleriniň biri hasaplanylýar (35-40%). Bu keselden 85 ýaşly garrylaryň dörtden biri we 65-80 ýaş aralygyndakylaryň 2-10% ejir çekýär.

Keseliň lukmanlar we alymlar tarapyndan çuňňur öwrenilýändigine garamazdan, näsaglaryň sany artýar. Olaryň sany 24 milliondan (2001-nji ýyl) 40 milliona golaýlady (2010-njy ýyl). Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bu keselden her ýylda 100 müňden hem köp adam ýogalýar. "Alsgeýmeriň keseli" diýen kesel kesgidi 2050-nji ýylda 100 milliondan hem köp näsaga goýlar diýlip çak edilýär.

Töwekgellik faktorlary

Bu keseliň ýüze çykyş töwekgelligi birnäçe dürli faktorlara baglydyr.

Alsgeýmeriň keseli bilen kesellän näsaglaryň sanynyň artmagy ösen we ösüp barýan ýurtlaryň köpüsinde adamlaryň ýaşynyň uzalmagy bilen düşündirilýär. Pensiýa ýaşyna ýeten adamlarda Alsgeýmeriň keseli bilen kesellemek töwekgelligi her bäş ýyldan iki esse artýar. Şol sebäpli hem, 65 ýaşdan uly adamlaryň sanynyň artmagy we olaryň uzak ýaşamagy Alsgeýmeriň keseliniň has giň ýaýramagyna getirip biler.

Töwekgellik faktorlarynyň ýene-de birini adamyň gen toplumyndan gözlemelidir. Alsgeýmeriň keseli onuň ösmegine itergi berýän gen görnüşinde nesilden nesle geçip bilýär diýlip hasaplanylýar. Käbir maglumatlara görä, näsagyň ýakyn garyndaşlarynda Alsgeýmeriň keseliniň döremek töwekgelligi 4 esse ýokarydyr.

Häzirki wagtda keseliň ýüze çykma ähtimallygyny peseldip biljek faktorlar hem alymlara bellidir.

Käbir maglumatlara görä, bilim derejesi ýokary bolan adamlarda Alsgeýmeriň keseli has seýrek duş gelýär. Akyl taýdan ýokary işjeňligi talap edýän hünärli, ýokary bilimli adamlarda Alsgeýmeriň keseliniň başlanmagy 5 ýyl giç ýüze çykýar. Şeýlelikde, keseliň döremek töwekgelligi 2 esse peselýär.

Köp sanly kliniki barlaglaryň netijesinde, kelle-beýni şikesleri başdan geçiren adamlarda Alsgeýmeriň keseli bilen kesellemek ähtimallygynyň has ýokarydygy birnäçe gezek subut edildi. Amerikaly alymlaryň soňky geçiren barlaglarynyň netijeleri söweşlere gatnaşan we atylýan snarýadlaryň güýçli ses tolkunyna sezewar bolan adamlarda hem Alsgeýmeriň keseliniň döremek töwekgelliginiň artýandygyny görkezýär.

Mundan başga-da, Alsgeýmeriň keseliniň ýaşlykda we orta ýaşda başdan geçirilen ruhy çökgünlik (depressiýa) ýagdaýy bilen baglydygy baradaky maglumatlar bar.

Az hereket etmek (gipodinamiýa) hem Alsgeýmeriň keseliniň döremegine eltýän faktorlaryň biridir. Arassa açyk howada yzygider ýerine ýetirilýän maşklaryň kelle beýnisiniň öýjüklerini berkidýändigi şübhesizdir.

Alsgeýmeriň keseliniň döremegine itergi berýän keselleriň biri hem süýji keseldir (diabet). Ganyň düzüminde glýukozanyň derejesiniň ýokarlanmagy diňe damarlara däl-de, eýsem nerw öýjüklerine-de zyýanly täsirini ýetirýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagy, ateroskleroz, çilimkeşlik, holesteriniň we ýaglaryň agdyklyk etmegi ýaly faktorlary aýratyn bir topar ýaly bellemek bolar.

Näsagyň derman serişdelerini ulanmagy hem Alsgeýmeriň keseliniň döremek töwekgelligini artdyrýar. Gartaşan adamlar dürli kesellerden ejir çekýärler. Bir kesele garşy ulanylýan dermanlar Alsgeýmeriň keseli ýaly beýleki keselleriň döremegine sebäp bolýar.

Alsgeýmer keseliniň alamatlary we geçişi

Alsgeýmeriň keseliniň alamatlary haýal we duýdansyz ýüze çykýar. Näsagyň ýatkeşligi peselýär, pikirleri dagynyk bolýar. Ol täze maglumatlary we habarlary kynlyk bilen özleşdirýär. Näsagyň wagta bolan garaýşy hem üýtgeýär, ol durmuşynda bolup geçýän adaty wakalaryň yzygiderligini bulaşdyrýar.

Käte bu kesel adamyň gylyk-häsiýetiniň ýaramaz tarapa üýtgemeginden hem başlanyp bilýär. Näsagyň häsiýetindäki ýumşaklyk, duýgudaşlyk ýuwaş-ýuwaşdan ýok bolup, olaryň ýerini gödeklik, perwaýsyzlyk, diňe özüni bilmek ýaly häsiýetler eýeleýär. Alsgeýmeriň keseli bilen kesellän näsag samrap başlaýar. Ol töwerekdäkileriň ony halamaýandygyna we olara ýük bolýandygyna arz edýär. Onuň hemişe keýpi ýok. Netijede, näsagda ruhy çökgünlilik başlanýar. Alsgeýmeriň keseliniň şeýle alamatlary bar bolan näsaglar lukmana seýrek ýüz tutýarlar. Olaryň ýakyn hossarlary bu alamatlary ýaş aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýarlar.

Hut şol sebäpli gartaşan adamlarda ýokarda agzalan alamatlar ýüze çykanda, hossarlary hökman lukman bilen maslahatlaşmalydyr, sebäbi Alsgeýmeriň keseliniň başlangyç tapgyrynda näsagyň ýagdaýyny gowulandyrmak we keseliň gidişini haýallatmak mümkindir.

Keseliň dowam etmegi bilen näsagda ýiti gallýusinasiýalar (zatlaryň göze görünmegi, gulaklara eşidilmegi, yslaryň gelmegi) ýüze çykýar. Näsaglar wagtyň, aýyň-günüň hasabyny, özleriniň nirededigini, daş-töweregindäki zatlaryň adaty ýerleşişini ýatdan çykarýarlar. Olar ozal bolup ýören ýerlerinde-de azaşýarlar. Alsgeýmeriň keselinden ejir çekýänler ýakyn hossarlaryny tanamaýarlar, olaryň garyndaşlyk derejesine düşünmeýärler. Okamak we ýazmak endikleri bozulýar, näsag düşnüksiz, bir-birine baglanyşmaýan sözleri aýdýar.

Iň soňky üýtgeşme – näsagyň öz şahsyýetine düşünmek ukybynyň bozulmagydyr. Ol özüniň kimdigini, näçe ýaşyndadygyny, adyny unudýar. Keseliň bu döwründe näsag özbaşdak geýinmegi, ýuwunmagy, gündeki durmuşda ulanylýan enjamlardan peýdalanmagy başarmaýar, sebäbi haýsy zadyň nämä niýetlenendigine düşünmeýär. Ol kömege mätäç bolýar.

Alsgeýmeriň keseliniň ahyrky tapgyrynda näsag agyr huşsuzlyga sezewar bolýar. Ol diňe çeýnemek, sormak, ýuwutmak ýaly has ýönekeý hereketleri etmäge ukyply bolýar. Bu döwürde näsag hemişe diýen ýaly ýerinden galman bükülip ýatýar, käte manysyz seslenýär.

Bu keseliň kesgidini diňe psihiatr lukman goýup bilýär. Beýniniň häsiýetli üýtgeşmelerini kompýuter tomografiýasy, magnit-rezonans tomografiýasy, elektroensefalografiýa, käbir biohimiki barlaglar arkaly anyklamak bolýar.

Gynansak-da, Alsgeýmeriň keselini ýalňyşsyz, takyk anyklap biljek kämil barlag usuly ýokdur. Näsagda beýleki keselleriň ýokdugy belli bolaýan ýagdaýynda hem Alsgeýmeriň keseli diýen kesel kesgidi çen bilen goýulýar. Keseliň hakykatdanam Alsgeýmeriň keselidigini diňe näsag aradan çykansoň, onuň kelle beýnisiniň mikroskopik barlagy netijesinde bilmek başardýar.

Alsgeýmer keseliniň bejergisi

Alsgeýmeriň keseli ýüze çykyp başlanda, näsagyň ýakyn hossarlary bu keseliň alamatlaryny garrylyk bilen baglanyşdyrýarlar. Seýlelikde, psihiatr lukman Alsgeýmeriň keselini giçki döwürlerinden bejerip başlaýar. Häzirki wagtda hem Alsgeýmeriň keselini doly bejermek mümkin däl. Lukmanlaryň şu günlerimizde hödürleýän bejergileri diňe keseliň ösüşini haýalladýar. Bejergi keseliň başlangyç tapgyrynda, heniz Alsgeýmeriň keseliniň alamatlarynyň ösmeginiň haýalladylmagyna mümkinçilik barka, has täsirli bolýar. Keseliň giçki tapgyrlarynda diňe onuň ösüş depgininiň peselmegine umyt etmek galýar.

Kesel başlandan soň, ömrüň uzaklygy 2-8 ýyla çekýär. Bu möhlet Alsgeýmeriň keseli bilen bile ýüze çykýan agyr näsazlyklar (endokrin, urologik, ýürek keselleri) bolmadyk ýagdaýynda biraz uzak dowam edip biler.

Keseli bejermekde lukmanlar köpsanly derman serişdelerini ulanýarlar. Bejerginiň bar bolan alamatlara görä geçirilýändigi sebäpli, ol her bir näsag üçin aýratyn bellenilýär.

Alsgeýmeriň keseliniň irki tapgyrlarynda, ýeňil ýa-da orta derejeli ruhy gamgynlylyk ýüze çykyp başlanda, antidepressant derman serişdeleri ulanylýar. Köplenç dezipramin we nortriptilin içmek maslahat berilýär. Garaguş tutgaýlarynda fenitoin ýa-da karbamazepin bellenilýär.

Ukusyzlyga garşy defingidramin we triazolam, howsalalyga garşy bolsa tioridazin, galoperidol, trazodon, buspiron, propranolol ulanylýar.

Alsgeýmeriň keseliniň alamatlary ýaňy ýüze çykyp başlanda, näsaga gündelik ýöretmek maslahat berilse, onuň ýatkeşliginiň peselmeginiň öwezini dolup bolar. Näsaglara öz isleg bildirýän işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeli, aşhanany, hajathanany, ýatylýan otagy ýörite kömekçi gurallar bilen enjamlaşdyrmaly. Alsgeýmeriň keseli bilen kesellän adamlara keseliň irki tapgyrlarynda-da ulag sürmäge rugsat bermeli däldir.

Alsgeýmeriň keselinden ejir çekýänler ruhy goldawa, gürrüňdeşlige mätäçdir. Hossarlary we dost-ýarlary olary ýeke goýmajak bolmalydyr, ellerinden gelen kömegi gaýgyrmaly däldir. Näsag gaty gaharlansa, ony ukusyzlyk we gallýusinasiýalar biynjalyk etse, ol hökman hassahana ýerleşdirilmelidir.

Häzirki wagtda Alsgeýmeriň keseliniň alamatlaryny gowşatmakda we psihiki näsazlyklary kadalaşdyrmakda lukmanlar tarapyndan birnäçe derman serişdeleri (donepezil, galantamin, riwastigmin, memantin) ulanylýar. Dermanlaryň keseliň geçiş tapgyryna baglylykda ulanylýanlygy we käbir gaýraüzülmelere getirip biljekdigi sebäpli, olar lukmanyň gözegçiligi bilen kabul edilmelidir.

Keseliň beýni öýjükleriniň dargamagy bilen geçýändigi we bejerilmeýändigi sebäpli näsaga ideg, gözegçilik etmek örän wajypdyr. Bu işi ýakyn hossarlaryň biri öz üstüne ýüklemeli bolýar.

Keseliň irki we orta tapgyrlarynda näsagyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmeli, ideg etmegiň şertlerini ýeňilleşdirmeli. Munuň üçin näsagyň durmuşyna we ýaşaýşyna üýtgeşmeleri girizmeli. Gün tertibini has ýönekeýleşdirmeli, goraýjy gulplary ulanmaly, öý goşlarynyň her birine nämä niýetlenendigi baradaky ýazgyny berkitmeli.

Näsagyň özbaşdak iýmitlenmäge bolan ukybyny ýitirmegi mümkindir. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, iýmiti ownutmaly ýa-da bulamak görnüşinde taýýarlamaly. Taýýar nahary ýuwutmakda kynçylyk dörände, iýmiti turbajykdan bermeli bolýar.

Näsag özüne ýa-da töweregindäkilere bilmezlikden zyýan ýetirmez ýaly, seýrek ýagdaýlarda ony daňyp saklamak zerurlygy ýüze çykýp biler.

Keseliň beterleşmegi bilen dürli gaýraüzülmeler ýüze çykyp bilýär. Olara diş agyry, agyz boşlugynyň keselleri, uzak ýatmakdan emele gelýän ýaralar, arassaçylyk bilen bagly kynçylyklar, dem alyş ýollarynyň, gözüň ýa-da deriniň ýokançlyklary degişlidir. Bu meseleleriň öňüni almak üçin gowy ideg zerurdyr. Emma şeýle meseleler ýüze çykanda, hünärmeniň gatnaşmagy zerurdyr.