ÝATKEŞLIGI NÄDIP DIKELTMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Beden saglygy ýaly, ýatkeşlik hem bize tebigat tarapdan ýeterlik derejede berlen bolýar. Ýöne bedeni taplaýşymyz ýaly, ýatkeşligi hem "türgenleşdirmelidir". Adamlaryň köpüsinde görüş ýatkeşligi ösen bolsa, beýlekilerinde eşidiş ýatkeşligi kämil bolýar. Ýatkeşligiň haýsy görnüşiniň Sizde agdyklyk edýändigine baglylykda ony türgenleşdiriň: görüş ýatkeşlikde-köp okaň, eşidiş ýatkeşlikde-köpräk daşyňyzdan okaň ýa-da başgalaryň size okap bermegini haýyş ediň. 

Ünsi jemlemäge we ýatkeşligi türgenleşdirmäge kömek edýän usullar, psihologiki "maşklar" köpdür. Olary Size psihiatr lukmanlary maslahat berip biler ýa-da özüňizi gyzyklandyrýan görnüşlerini Internetden saýlap bilersiňiz.

Ýatkeşligi berkitmak üçin birnäçe ýönekeý maşklary ýerine ýetirmäge synanşyň:

I. Assosiýasiýalary (baglanyşdyrmalary) ulanyň: üns berip diňläp, ýatda saklajak boluň. Soňundan birinji sözleriň aýdylmagyny haýyş edip, ikinji sözleri ýatdan aýdyň: towuk-ýumurtga, syýa-depder, armyt-kompot, balyk-ýangyn, tomzak-kürsi, gulp-ene, çyra-agşam;

II. Gözüňizi ýumuň we Size aýdylýan suratlandyrmalary göz öňüne getirjek boluň:

1. Guýrujagyny bulaýlaýan güjüjek;

2. Keýige topulýan ýolbars;

3. Gijelikde görünýän ýyldyrym;

4. Gutujykdaky maňyzly kökeler;

5. Günde lowurdaýan göwher.

Göz öňüne getiren şekilleriňizi ýatlap, ýazmaga synanşyň.

III. Ertirki etjek işleriňizi, dükandan, bazardan aljak zatlaryňyzyň sanawyny ýazyp, birnäçe gezek ünsli okaň. Soň kagyzy öýde goýup, bellän işleriňizi ýerine ýetirmäge gidiň. Öz adaty işleriňizi ýerine ýetirip hem ýatkeşligi türgenleşdirip bolýandygyny ýatdan çykarmaň.

Hormat bilen saýtyň lukmany.