ARKAM, OŇURGAM NÄME ÜÇIN AGYRÝARKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Arkada agyrylar dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler. Siz öz ýaşyňyz, arkada agyrylaryň döreýän ýeri barada anyk maglumat bermeýärsiňiz. Siz näçe ýaşyňyzda? Siz arka urgy, şikeslenme aldyňyzmy? 

Arkada döreýän agyrylar radikulit (oňurgadan çykýan nerw çogdumjyklaryň sowuklamasy), oňurga kanalyň daralmagy netijesinde nerw süýümleriniň basylmagy, oňurgaara inginiň döreme ýagdaýlarynda, oňurganyň osteomiýeliti keselinde, spondilolistoz (V bil oňurganyň öňe süýşmegi) keselinde biynjalyk edip biler. Şeýle hem aşgazanasty mäziň keselleri, köriçege, kiçi çanaklyk agzalaryň sowuklamagy, içege keselleriniň käbiri, erkeklik jyns agzasynyň sowuklamagy hem arkada döreýän agyrylaryň sebäbi bolup biler.

Size agyrylaryň sebäbini anyklamak üçin maşgala lukmany we newropatolog lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Şeýle hem degerli maglumalary almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Radikulit", "Oňurga ingisiniň alamatlary we sebäpleri", "Sagdyn oňurga – sagdyn bedeniň gözbaşydyr" atly makalalary okamagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.