DIL ÝUWUTMANYŇ SEBÄBI NAME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Diliň yza gitmegi belli bir keselleriň alamaty bolup, şol keseller netijesinde döreýän tutgaýlarda diliň gitmegi ýüze çykyp biler. Tutgaýlar wagty huşuň ýitip, diliň gitmegi köplenç garaguşagyry keselinde (epilepsiýa), zäherlenmeleriň käbir görnüşinde döräp, ilkinji kömegiň gaýragoýulmasyz çärelerini geçirmekligi talap edýändir.

Şeýle-de, diliň öz adaty ýagdaýyny üýtgetmegi çagalarda ýüze çykýan tutgaýlaryň käbir görnüşinde duş gelip biler.

Şonuň ýaly ýagdaýlarda, ilkinji kömek näsagyň agzyny çemçe ýa-da başga döwülmejek zatlar bilen açyp, dili arassa elýaglyk, hasa ýa-da başga matanyň bölegi bilen saklamak, agzyň içini tüýkülikden, gandan (dil dişlenen bolsa) arassalamak çärelerinden ybaratdyr.

Tutgaýlary döredip biljek ýagdaýlaryň öňüni almak, garaguşagyry keselinde kadaly bejergi alyp, gözegçilikde bolmak bu ýagdaýyň döremeginiň öňüni alyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.