GARAGUŞ KESELINI BEJERIP BOLÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (31 Ses)

GARAGUŞAGYRY   KESELI:   SEBÄPLERI   WE   BEJERGISI

Garaguşagyry (epilepsiýa)  keseli adamzada gadymy zamanlardan bäri belli bolupdyr. Gadymy Gresiýada hem-de Rimde bu keseli jadygöýlik bilen baglanyşdyryp, ony "keramatly kesel" diýip atlandyrypdyrlar.

Biziň eramyzdan öň 400-nji ýylda Gippokrat bu kesele bagyşlap "Keramatly kesel barada" atly birinji işi ýazyp beýan edýär. Gadymyýetiň Beýik lukmany, tutgaýlary beýnä  günüň, ýeliň, sowuk howanyň ýetirýän  täsiri bilen döredip bolýandygyna ynanypdyr.

Orta asyrlarda tutgaý wagty näsagyň deminden geçip bilýän kesel hasaplap, bu keselden howatyrlanypdyrlar.

Garaguşagyry keseli – beýniniň dowamly keseli bolup, garaguşagyryly tutgaýlaryň döremegi onuň ýeke-täk alamaty bolup durýandyr.

Bu kesel giňden ýaýran bolup, ondan dünýäde 40mln.-a golaý adam ejir çekýändir.

Kesel näme sebäpden ýüze çykýar?

Garaguşagyry tutgaýlaryň beýni gabygynyň aýry bölegindäki nerw öýjükleriň (neýronlar) birwagtda oýanmagynyň netijesinde döreýänligi ylymda mälimdir. Ol beýni bölegi garaguşagyrynyň ojagyny emele getirýär. Beýnide şonuň ýaly işjeň ojagy kelle çanagynyň şikeslenmeleri, beýnä gan inme, meningit, ýaýran skleroz keseli, arakhorluk, neşekeşlik ýagdaýlary döredip biler. Şonuň ýaly hem, bu keseliň nesil yzarlaýjylyk häsiýetiniň barlygy hem mälimdir.

Näsaglaryň aglaba böleginde, birinji tutgaý 18 ýaşa çenli ýüze çykýar.

Garaguşagyry bilen kakynly tutgaýlary çalyşmaly däldir. Kakynly tutgaýlar köplenç gorkmadan, gynançdan soň döräp, düzgün bolşy ýaly başga adamlaryň ýa-da garyndaşlaryň ýanynda ýüze çykýar. Adam ýykylyp bilýär, ýöne huşuny ýitirmeýär we adam özüne agyr şikesleri ýetirmejek bolup çalyşýar.

Kakynly tutgaýlaryň umumy dowamlylygy 15-20 minut, seýrek ýagdaýda 1 sagada çekip biler.

Haçanda adam özüne gelende, garaguşagyry keselde bolşy  ýaly ukuçyllygy duýmaýar.

Esasy alamatlary

Keseliň ýeňil tutgaýlary huşuň azwagt ýitmegi ýaly bolup geçýär. Ol ýagdaý gabaklaryň, ýüzüň çekmegi ýaly bolup, başga adamlara bildirmän biler. Kiçi tutgaýlaryň çalt bolup geçýänligi üçin töwerekdäki adamlar ony duýmaýarlar. Adamynyň özi hem tutgaýyň bolup geçenligini  duýman biler.

Garaguşagyry tutgaýlaryň  "buşlukçysy" hökmünde ýörite alamatlar ýüze çykyp, olar "aura" diýip atlandyrylýar. Işjeň, "oýanan" ojagyň beýniniň haýsy ýerinde ýerleşýänligine baglylykda aura ýagdaýyň ýüze çykmagy dürli-dürli bolup biler.

Bedeniň gyzgynyň galmagy, baş aýlanma, howsala düşme, töwerek-daşdaky zatlary "öň bir ýerde gören" ýaly duýgunyň bolmagy ýaly alamatlar tutgaýyň boljakdygyndan habar berip biler.

Bütin bedene ýaýraýan tutgaýlaryň başlanmagy töwerekdäki adamlarda gorkyny döredip biler.

Tutgaýlaryň  başynda hemme beden myşsalarynyň dartylmagy, dem almanyň kesilmegi, çirkin gygyrmak, diliň dişlenmegi ýaly alamatlar ýüze çykyp biler. Myşsa toparlarynyň dartgysynyň gowşamagy bilen birlikde peşewiň ygtyýarsyz bölünip çykmagy hem mümkindir.

Näsagyň tutgaý wagty özüni bilmeýänligi we agyryny duýmaýanlygyny ýatda saklamalydyr. Tutgaý birnäçe minut dowam edýär.

Tutgaý wagty näme etmeli?

Tutgaý gutarandan soň adama arkaýyn özüne geler ýaly,islese uklar ýaly mümkinçilik  döretmeli.

Tutgaýdan soň huşuň bulaşmagy, gowşaklyk ýaly alamatlar döräp, adamyň ýerinden turmagy üçin birnäçe wagt (5 minutdan 30 minuda çenli) gerek bolýandyr.

Tutgaýlaryň yzly-yzyna dowam etmegi aýratyn howply ýagdaý bolup durýandyr. Bu ýagdaý adamyň dem almagyny kynlaşdyryp, bogulma netijesinde onuň ölümine getirip biler. Şonuň üçin hem yzly-yzyna gaýtalanýan uzak tutgaýlar gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini talap edýändir.

Anyklaýyş çäreleri

Eger Sizde ýa-da Siziň ýakynlaryňyzda garaguşagyry tutgaýlary bolan bolsa, tizden-tiz newropatolog lukmanyna ýüz tutuň. Bu keseli anyklamakda elektroensefalografiýa barlagy has netijelidir. Beýnide tutgaýly ojagy kesgitlemek üçin magnit-rezonans hem-de kompýuter tomografiýa barlagy ulanylýar. Köplenç tutgaýly ýagdaýyň meňzeş alamatlaryny özüňden gitme, ukynyň we huşuň bozulmagy ýaly ýagdaýlar hem döredip biler. Onuň ýaly halatlarda wideo-elektroensefolografiýa usuly ulanylýar.

Bejergisi

Garaguşagyry keselini bejermekde derman serişdeleri we hirurgiki usul ulanylýandyr. 60-70% ýagdaýlarda derman serişdeleri tutgaýlardan dynmaga mümkinçilik döredýändirler.

Garaguşagyra garşy ulanylýan derman serişdelerinden Karbamazepin, Klonozepam, Fenobarbital, Klobazam, Primidon, Felbamate, Gabapentin, Topiramati, Wigabatrin ýaly dermanlary bellemek bolar.

Derman serişdeleriniň mukdaryny lukman näsagyň ýaşyna, tutgaýlaryň ýüze çykyş derejesine, ýygylygyna, dermanlaryň berip biljek ýaramaz täsirlerine görä belleýändir.

Derman serişdeleriň ulanylmagy deri örgünleri görnüşde allergiki täsirliligi hem-de gözüň öňünde zatlaryň ikilenmegi, baş aýlanma, ýöreýşiň üýtgemegi ýaly alamatlar bilen ganda onuň mukdarynyň köpelmegi ýaly ýaramaz täsirliligi döredip biler.

Derman serişdeleriniň mukdaryny peseltme ýa-da kabul etmegi goýmak bu ýaramaz täsirleriň öňüni alyp biler.

Derman serişdelerini  ikinji garaguşagyry tutgaýlaryndan soň kabul edip başlaýarlar. Eger tutgaýyň sebäbi beýnide dörän täze döremeler bolsa, onda derman serişdeleri birinji tutgaýdan soň kabul edip, hirurgiki bejergini geçirmäge ymtylmalydyr.

Eger tutgaýlaryň sany seýrekleşýän bolsa, derman serişdeleri çagalara 2 ýyldan soň  bes etmäge synanyşmaga, ululara bolsa iň soňky tutgaýdan soň 5 ýyl geçenden soň goýmak dogry hasaplanýar.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, beýle bejergi netijesinde  näsaglaryň 60%-de tutgaýlaryň galyp, 40%-de bolsa gaýtalanyp biljekdigini görkezýär. Garaguşagyryly näsagyň, tutgaýlaryň ýygylyk derejesine garamazdan newropatolog lukmanyň gözegçiliginde saklanmagy zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.