SERHOŞLUK WE BEÝNIMIZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.91 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Alkogol, has takygy onuň düzümindäki etanol nerw öýjükleriniň arasyndaky arabaglanyşygyň, geçirijiligiň bozulmagyna getirip, soňundan bu bozulmalar dikeldilme häsiýete eýe däldir. Alkogol içgileri beýniniň dürli bölümlerinde dürli häsiýetli bozulmalara getirip biler.

Beýni gabygy – akyl ýetirme işiniň bolup geçýän bu bölüminde alkogol içgileri togtadyjy merkeziniň işini peseldýändir. Adamyň keýpi göterilýär, duýujy agzalaryň işi peselýär, akyl ýetirme ukyby peselip, ol dogry netije, çözgüt çykarmaga ukyply däldir.

Beýnijik babatynda: alkogol hereketlenme we deňagramlylygy saklama ukybyny peseldýär. Adam iki tarapa yranýar, çaýkanýar, ýykylýar.

Alkogol gipotalamusda ýerleşýän jynsy isleginiň emele geliş merkeziniňişini hem peseldýär.

Adamda jynsy isleg ýokarlansa hem, jynsy gowşaklyk ýüze çykyp biler.

Oňurga ýiligi-bedeniň temperaturasyny kadalaşdyrma we dem alma işlerine gözegçilik edip, alkogolyň oňa täsiri, ukyçyllygy, demalmanyň peselmegine we bedeniň sowamagyna sebäp bolup biler.

Alkogol huşuň ýitirilmegine hem-de ýadyň ýitmegine hem getirip biler.

Arakhorlarda "B" toparyň witaminleriniň özleşmegi bozulyp, Wernike-Korsakowyň alamatlarynyň döremegine sebäp bolup bilýändir. Bu alamatlaryň toplumy huşuň bulaşmagy we uzak möhletleýin ýadyň ýitmegi ýaly bozulmalar bilen häsiýetlendirilýär.

Arakhorlarda nerw ulgamynyň bozulmagy alkogolly psihozlaryň we alkogolly garaguş agyry keseliniň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.