ÇAGAMYZ GIJE GORKUP TURÝAR

1 1 1 1 1

Hormatly okyjy!

Ene-atalaryň hemmesi diýen ýaly çaganyň ukysynyň bozulma kynçylyklaryna gabat gelýärler. Her bir körpe sagdynlygyna we ejesi tarapdan gowy idegiň barlygyna garamazdan, şunuň ýaly kynçylygy başdan geçirýändir. Uly adamlar bilen deňeşdirlende, uky bozulmalary çagalarda seýrek duşgelse-de, lukmanlar ol ýagdaýlara has uly üns berýändirler. Şunuň ýaly alada çaganyň ruhy we fiziki ösüşi üçin kadaly ukynyň gerekdigi bilen düşündirilýändir.

Çagalar üçin gije-gündiz bilen bagly biologiki sagatlar kadalaşmadyk bolup, takmynan 2 ýaşda ol sagatlaryň "tertipleşmegi" bolup geçýändir.

Köp ýagdaýlarda uky bozulmalary, iýmitleniş tertibiniň bozulmagy, şol sanda çagany ene süýdi bilen emdirmekligi bes etme, gün tertibiniň bozulmagy, onuň gündelik ýaşaýyş tertibinde (meselem, onuň çagalar bagyna gatnap başlamagy, ýatýan ýeriniň üýtgedilmegi) üýtgemeleri ýaly daşky faktorlara bagly bolup durýandyr.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda uky bozulmalary wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, sebäpleri aradan aýyrma ukynyň hilini gowulandyryp biler. Ýöne içki agzalaryň keselleri, nerw ulgamynyň keselleri (meselem, perinatal ensefalopatiýa) hem uky bozulmalarynyň çynlakaý sebäbi bolup bilýändir.

Çaganyň gijelerine aglap turmagynyň we ukusynyň bozulmagynyň sebäbini anyklamak üçin çaga newropatologyna ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.