"AGŞAM DÜÝŞÜME GIRIPSIŇ WELIN, ..."

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Düýş görmek adamzadyň entek doly öwrenmedik syry bolup durýandyr. Düýşi adamlardan başga-da, süýdemdirijileriň käbir görnüşleri hem görmäge ukyplydyr.

Düýş görmäni oneýrologiýa ylmy öwrenýär. Düýş köplenç ukynyň çalt geçýän tapgyrynda görülýändir. Zatlaryň suduryny görüp, reňkleri düýşde saýgarmaýan adamlar ak-gara reňkli düýşleri görseler, çagalar hem-de baý fantaziýaly adamlar reňkli düýşleri görmäge ukyplydyr.

Barlaglaryň köpüsi, hakykatyň doly suratyny dikeldýän adam aňynyň işjeňliginiň peselýändigi sebäpli, düýşlerde manysyz, fantastiki obrazlaryň we düşündirip bolmaýan hereketleriň döreýänligini belleýärler. Ukuda aňyň gündizki bolan wakalardan galan täsirlere gözegçilik edip bilmeýänligi sebäpli, olar tertipsiz bulaşyp, täsin obrazlary we pikirleri emele getirýärler. Barlagçylaryň pikirine görä, düýşleri düşündirmäge synanyşmagyň manysy ýokdur. Z. Freýd düýşlere "adamyň seksual isleginiň görkezijisi" hökmünde garasa, onuň okuwçysy Karl Ýung onuň tebigatyny adam aňasty aňynyň işjeňliginiň döredýän täsiri höküminde düşündiripdir.

Ylymda düýşleriň gelip çykyşy tebigaty barada belli bir pikir bolmasa hem, düýşdäki obrazlar adamyň aňasty aňynyň häsiýetlendirmesi hökmünde psihologiýada ulanylýar. Düýşleri ýormak, ýagny olary adamyň içki ruhy dünýäsi bilen baglanyşdyrmak, olaryň kömegi bilen adamyň içki dünýäsini öwrenmek, açyp görkezmek bilen psihoanalitikler meşgullanýandyrlar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.