NERWI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.92 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Beýan edýän alamatlaryňyz  siziň gylyk häsiýetiňiziň aýratynlyklaryndan däl-de, newroz ýagdaýynyň ýüze çykýanlygyndan habar berýär. Newroz ýagdaýy, daşky gurşawyň uzaga çekýän  dürli gyjyndyrmalaryna merkezi nerw ulgamyň jogabynyň peselmegi, gowşamagy  netijesinde ýüze çykýandyr. Maşgalada, işde uzaga çekýän dartgynlylyk, durmuş meýilleriňiziň wagtlaýyn başa barmazlygy, ýakyn adamlaryňyza (meselem, aýal doganyňyza, joraňyza, halaýan oglanyňyza) ynamyňyzyň peselmegi daş-töwerekdäki adamlara hem ynamsyzlygyň, ýapyklygyň, mähirsiz gatnaşygyň döremegine getirip biler.

► Sizde çagalykdan  we ýetginjeklik döwründen şeýle adamlardan gaça durma, adamlary söýmezlik häsiýeti agdyklyk edýärmi?

► Şeýle häsiýetiň döremegini durmuşyňyzdaky ahwalatlar bilen baglanyşdyrýaňyzmy?

► Siziň öz-özüňize bildirýän talabyňyz nähili?

► Siz adamlardan nähili gatnaşygy isleýärsiňiz?

► Siziň "iç döküşýän" ýakyn adamyňyz barmy?

Sizde dörän newrotiki bozulmalaryň sebäbini anyklap, olary aradan aýyrmak babatda degişli  lukmançylyk kömegini  almak üçin, eger bu ýagdaýdan özbaşdak çykyp bilmedik halatyňyzda, psihoterapewt lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolar.

Hormat bilen, Lukman.