SUSTUPESLIGIŇ ALAMATLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

Hormatly Soltanmyrat!

Durmuşda dürli sebäplere görä ýüze çykyp biljek ruhy sustupeslik ýa-da gamgynlylyk ýagdaýlary dürli alamatlar bilen häsiýetlendirilip, olaryň ýüze çykyş derejesi adamynyň nerw ulgamynyň ýagdaýyna, onuň häsiýetine, dürli durmuş ahwalatlaryna bolan garaýşyna, durmuş ýörelgelerine juda bagly bolup durýandyr. Adamda ruhy gamgynlylyk hemme töwerekdäki hadysalara bolan biparhlylygyň döremegi, ukynyň bozulmagy, keýpsizlik, öz peýdasyzlygyňy duýmak, ünsüňi jemläp bilmezlik, işdäniň kesilmegi, kähalatlarda özüňe kast etme pikirleriniň döremegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp bilýändir. Ruhy gamgynlylygyň ýüze çykyş görnüşleri we alamatlar toplumy barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Gam kölüne batmaň siz..." atly makaladan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.